Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär | TDH
Ykdysadyýet

Statistika baradaky döwlet komiteti: milli ykdysadyýet önümçiligiň durnukly ösüşini görkezýär

опубликованно 05.10.2017 // 1160 - просмотров
 

Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna laýyklykda 2017-nji ýylyň dokuz aýynda pudaklaryň köpüsinde öndürilýän önümleriň möçberleri yzygiderli aptdy.

2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň 9 aýynda tebigy gazyň çykarylyşynyň artyş depgini 7,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji benziniň we dizel ýangyjynyň öndürilişinde 0,2 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişinde 1,9 göterime, demir önümleriniň öndürilişinde 5,1 göterime, elektrik energiýasynyň öndürilişinde 4,8 göterime, nah matalaryň öndürilişinde 10,2 göterime, eýlenen deri babatda 6,3 göterime, tikin we örme önümleriniň öndürilişinde 9,4 göterime deň boldy. Şonuň ýaly-da, azyk senagatynyň möhüm pudaklary boýunça durnukly ösüş gazanylýar.

Oba hojalygynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, gök önümleriň öndürilişiniň 1,1 göterim, bakjanyň öndürilişiniň 8,2 göterim, ýeralmanyň öndürilişiniň 1,7 göterim, miweleriň öndürilişiniň 1 göterim artdy.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýük dolanyşygy 12 göterim, ýolagçy dolanyşygy 3,9 göterim artdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter