Türkmen telekeçileri önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýarlar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen telekeçileri önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrýarlar

опубликованно 05.10.2017 // 1254 - просмотров
 

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary tarapyndan 2017-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36,3 göterim önüm köp öndürildi. Şunda, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişi 953,9 million manat artdy we ol 42,6 göterim ýokarlandy.

Degişlilikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça haryt dolanyşy geçen ýylyň derejesinden 7,5 göterim ýokarlandy. Hyzmatlar ulgamynda bolsa 12,8 göterim derejesinde artdy.

Hyzmatlar ulgamynda goşmaça bahanyň ýokary depginli ösüşi onuň jemi içerki önümdäki paýynyň 2016-njy ýylyň ýanwar-iýul aýynda 41,3 göterimden 2017-nji ýylyň degişli döwründe 43,8 göterim artmagyna ýardam berdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter