Türkmen energetikleri önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen energetikleri önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

 

Türkmenistanyň ernergetika pudagynyň işgärleri geçen 9 aýyň dowamynda meýilnama boýunça işleri artygy bilen ýerine ýetirdiler.

Hasabat döwründe jemi 18 milliard 360 million 611 müň kWt sagat elektrik energiýasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 103,8 göterim ösüş depgini üpjün edildi.

Elektrik energiýasynyň eksporty 2 milliard 870 million 835 müň kWt sagada deň bolup, 103,2 göterim ösüş depgini gazanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter