Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

опубликованно 11.10.2017 // 7021 - просмотров
 

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Dabara hökümetiň agzalary, Mejlisiň Başlygy we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we Ylymlar akademiýasynyň pudaklaýyn institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, ýaşulular we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň bu kitabynda Beýik Ýüpek ýoluna ajaýyp taryhy-medeni hadysa hökmünde garalýar. Awtor baý medeni mirasa eýe bolan hem-de geljekki nesilleriň bu hazynany öwrenmegi we goramagy üçin uly tagallalary edýän Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mysalynda gadymy dünýäniň bu ajaýyp hadysasynyň nähili çuňňur yz goýandygyny açyp görkezýär.

Täze neşiriň girişinde bellenilişi ýaly, “Her bir şahasy ÝUNESKO-nyn Bütindünýä mirasynyň sanawyna gosulmaga mynasyp hasaplanylýan Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde hem-de isjeň hereket etmeginde hem esasy orunlaryň biri türkmenlere degislidir... Ykbal ýyldyzy türkmene gurmagy, döretmegi, barha gülledip ösdürmegi, halklaryn arasynda agzybirligi jebisleşdirmegi, parahatçylygy gorap saklamagy, ynsan mertebesini hemme barlykdan zyýat tutmagy ruhy ýörelge edinmegi owalbaşda bagyş etdi.”

Awtoryň döredijilik pikiri “Jeýhunyň ýakasy”, “Gadymy Merw”, “Sarahs bilen Änewiň aralygynda”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Dasoguzyň gadymy topragynda”, “Ertekiler dünýäsinde” atly alty baby özünde jemleýän bu kitabyň gurluşynda-da öz giň beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Gündogardan Günbatara uzaýan çäginiň bu özboluşly syny gadymy döwürlerden bäri söwda we medeni ýollaryň merkezinde ýerleşen ýurdumyzyň şäherlerini we taryhy ýerlerini birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň “geografiýasyny” özünde jemleýär.

Munuň şeýledigine dürli eýýamlardaki köpsanly ýadygärlikler, häzirki güne çenli saklanyp galan haýran galdyryjy rowaýatlardyr aýtgylar hem-de halk hakydasy şaýatlyk edýär. Bularyň hemmesi kitabyň awtoryna döredijilik hyjuwyny berýär we gadymy dünýäniň kerwen ýollarynda esasy ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Hut şonuň üçin hem kitabyň ahyrynyň “Ertekiler dünýäsinde” diýen bap bilen tamamlanmagy logika gabat gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu bapda “Sol gadymy rowaýatlary öz nesillerimize ata bolup öwüt etmek biziň her birimiziň nesillerimiziň öňündäki borjumyzdyr diýmek isleýärin. Biz beýik eýýamlary döreden ata-babalarymyzyň durmus tejribesini şolardaky tymsallaryň manysy bilen baýlasdyrýarys” diýip belleýär.

Şunuň bilen birlikde, kitapda onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar bilen baglanyşdyran Ýüpek ýolunuň dünýä taryhyndaky ajaýyp hadysa hökmündäki ähmiýeti diňe bir türkmen halkynyň taryhynyň we ruhy gymmatlyklarynyň däl, eýsem Diýarymyzyň geljeginiň nukdaýnazaryndan hem açylyp görkezilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynda öz beýanyny tapýan ajaýyp maglumatlar awtora mähriban halkymyzyň geçmişi, şu güni we geljegi hakyndaky oý-pikirlerini okyja yzygiderli ýetirip, taryh bilen häzirki zamanamyzy bir bitewilige birleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Halk paýhasyna bolan çuňňur söýgini we joşgunly duýgyny beýan edýän kitabyň diliniň çeperligi milli Liderimiziň eserlerine mahsus ýagdaý bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ugurlary boýunça syýahat edýän mahaly okyjy halkymyzyň taryhy we medeni dessurlarynyň sahypalary boýunça öňe tarap hereket edýär.

Munuň özi Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň gaznalaryndaky şekillendiriş sungatynyň eserleriniň suratlary we şekilleri bilen bezelmegi kitaba özboluşly liriki öwüşgin çaýýar.

“Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitap ýokary poligrafiýa usulynda çap edilipdir. Türkmen döwlet neşirýat gullugynda taýýarlanylan bu kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter