Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi

опубликованно 07.05.2015 // 837 - просмотров
 

Aşgabat, 7-nji maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan—ABŞ” Işewür geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty we Amerikanyň belli “Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň baştutany Jek Niklausy kabul etdi.

Işewürler mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize ABŞ-nyň däp bolan hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýän döwlet we telekeçiler düzümleri bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi üçin çuňňur sag bolsunlaryny aýtdylar. Myhmanlar pursatdan peýdalanyp,döwlet Baştutanymyzy Italiýada geçirilýän “EXPO-2015” Bütindünýä sergisinde milli bölümiň uly üstünliklere beslenmegini görkezýän täze taryhy eýýamyň ýeten derejesi hem-de Türkmenistanyň ilkinji “TürkmenÄlem 52oE” emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy we Türkmenistanyň kosmos döwletleriniň hataryna goşulmagy bilen gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmalaryna ýokary baha berip, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we kämil tehnologiýalaryny işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýetini doly döwlebaplaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändigini we ýurdumyzyň uzakmöhletleýin, özara bähbitli esasda ýola goýulýan işjeň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Köpýyllyk gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda türkmen-amerikan Işewür geňeşiniň alyp barýan işleriniň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Onuň goldaw bermegi netijesinde işewür duşuşyklary, maslahatlar, Amerikanyň belli kompaniýalarynyň önümleriniň sergileri we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän köpsanly bilelikdäki çäreler yzygiderli guralýar. Işewür geňeşiniň düzüminiň yzygiderli täzelenýändigi, onuň üstüniň täze agzalar bilen ýetrilýändigi amerikan tarapynyň türkmen hyzmatdaşlary bilennetijeli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhzmanlar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Bilelikdäki köpýyllyk işleriň toplanan oňyn tejribesiniň täze bähbitli taslamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna, şol sanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan sport ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigi bellenildi. “2011-2020-nji ýyllarda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek hem-de goldamak baradaky milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmegiň barşynda häzirki döwürde ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine laýyk gelýän iri sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, aýlawlar, awtodromlar, köpugurly stadionlar gurulýar. Olarda sportuň dürli görnüşleri boýunça giň möçberli ýaryşlary guramak üçin ähli şertler döredilýär.

Jek Niklaus dünýäniň sport giňişliginde uly üstünliklere eýe bolýan türkmen türgenleriniň gazanýan netijelerini uly şatlyk bilen belläp, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugyna Orta Aziýa döwletleriniň hatarynda ilkinji eýe bolan Türkmenistanda guramak hakyndaky çözgüdiniň ýurdumyzyň halkara abraýynyň ykrarnamasydygyny nygtady.

“Niklaus Dizaýn” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda golf ýaly sportuň belli görnüşiniň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny aýdyp, kompaniýanyň milli Liderimiziň ozal aýdan tekliplerini we belliklerini nazara almak bilen golf meýdançasy üçin täze işlenip taýýarlynylan taslamalary hormatly Prezidentimize görkezdi. Biz bu ulgmada gazanan baý tejribämiziň kömegi bilen iň gowy we ýokary hilli golf meýdançasyny gurarys hem-de onuň gurluşygyny Aziada-2017-diniň başlanjak pursatyna çenli tamamlarys diýip, Jek Niklaus aýtdy.

Myhmanlar Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassyklap, milli Liderimize we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk, sebitleýin we dünýä derejesindäki abraýly ýaryşlarda täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter