Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi

опубликованно 17.10.2017 // 1464 - просмотров
 

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.

Dabaranyň barşynda döwlet Baştutanymyz top boýunça ilkinji urgyny edip, Aşgabadyň golf toplumynyň işlemäge başlandygyny alamatlandyrdy.

Aşgabadyň golf-meýdançasyny döretmek üçin tebigy aýratynlyklary bolan künjek seçilip alyndy. Onuň tebigy görnüşine binagärler özboluşly çeper görnüşi goşup, meýdançanyň has amatly bolmagyny we ruhuň göteriji häsiýetini şertlendiripdirler. Bu ýerdäki kiçiräk köl meýdançanyň kümüşsöw giňişligi, bezeg agaçlarynyň toplumy, özboluşly şaglawuklar, birnäçe köpürler bilen utgaşyp, ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

Şeýle giň möçberli meýdana ideg etmek we ony degişli derejede saklamak üçin dürli ugurlara degişli hünärmenleriň, köpsanly işgärleriň bilelikdäki tagallasy zerur bolup durýar. Şeýlelikde, Aşgabatda täze golf-klubunyň açylmagy bilen birnäçe iş orunlary emele gelýär.

Meýdança hyzmat etmek üçin ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň önüm öndürijilerinden dürli tehnikalar satyn alyndy. Hususan-da, meýdançanyň otuny çyrpmak, ýere dökün dökmek, ony iýmitlendirmek, kislorod bilen baýlaşdyrmak hem-de çäge bilen örtmek, meýdançalary arassalamak, tohum sepmek üçin enjamlar getirildi. Suwaryş ulgamy bu tehnikalaryň kömegi bilen kesgitlenen tertipde awtomatlaşdyrylan usulda amala aşyrylýar.

Golf oýnunyň kadalary boýunça oýunçylara päsgelçilikleri döretmek üçin uly we kiçi bunkerleriň –täsin çukurjyklaryň 82-si ýerleşýär. Olara öwşün atýan ak çäge düşeldi.

Golf üçin niýetlenen meýdançalarda ulanylan ähli serişdeleriň nusgalary bu oýnuň dörän ýeri bolan Şotlandiýadaky ýörite barlaghanalarda synagdan geçirildi. Diňe bilermenleriň gelen netijesinden soň, bu serişdeler iş ýüzünde ulanyldy.

Şeýlelikde, çempion derejesine laýyk gelýän Aşgabadyň golf-meýdançasy daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesi esasynda, öňdebaryjy ussatlaryň –dünýäniň golf-arhitektorlarynyň häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de bilimlerini we ýerli serişdeleri hem-de ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň we bezegçileriniň güýjüni we başarnygyny ulanmak arkaly, meýdançanyň ýerleşýän ýeriniň tebigy landşaftynyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan täsin taslamadyr.

18 çukurjykly ajaýyp golf meýdançasy dag eteginiň tebigaty hem-de ak mermerli paýtagtymyzyň täze binalarynyň gözelligi bilen özboluşly sazlaşyk döretdi. Sary baýdajykly ýaşyl meýdançalardan paýtagtymyza ajaýyp görnüş açylýar.

Aşgabat golf- klubynyň edara binasynyň açylmagy hem şu günki dabaranyň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň girelgesindäki toý bagyny kesip, onuň içine girdi.

Umumy meýdany 4,5 müň inedördül metrden gowrak bolan golf-klubyň iki gatly binasy tegelek görnüşde bolup, özüne iş otaglaryny, fitnes-zaly, spa-salony, dynç alynýan otaglary hem-de esbaplary saklamak üçin niýetlenen otaglary, garbanyşhanany, restorany hem-de golf oýnamak üçin zerur bolan zatlar satylýan golf-dükanlary birleşdirýär.

Binanyň ýerzemin gatynda elektromobiller üçin niýetlenen garaž ýerleşýär. Oýun meýdançalarynyň arasynda olar üçin ýörite ýodajyklar çekildi. Bu ýeňil hem-de ekologiýa taýdan arassa ulagy öndürmek babatda dünýäde öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýan E-Z-GO kompaniýasyndan golf-karlaryň 30-sy satyn alyndy.

Milli Liderimiz golf-dükanda hödürlenýän harytlary synlady hem-de fitnes-zala baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Ýörite stimulýatoryň kömegi arkaly bu örän gyzykly oýnuň ilkinji tälimlerini alyp bolýar. Ýokary tizlikli kameralar dürli tekizlikde topuň hem-de taýajygyň hereketini surata alýar we monitorda “janlandyrylan” golf meýdançalarynyň kömegi arkaly hakykata ýakynlaşdyrylan ýokary hilli wirtual oýun emele gelýär.

Günüň ikinji ýarymynda Aşgabadyň golf-meýdançaysnda türkmen paýtagtyna gelen dünýäniň meşhur oýunçylarynyň gatnaşmagynda golf boýunça görkezme ýaryşlar geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter