Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy bilen gutlady

опубликованно 17.10.2017 // 931 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.

Milli Liderimiz gutlag hatynda Türkmenistanda Gyrgyz Respublikasy bilen deňhukuklylyk, ikitaraplaýyn bähbitlilik, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belläp, doganlyk ýurtlaryň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň biziň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Sooronbaý Şaripowiç Žeenbekowa berk jan saglyk, abadançylyk we iň ýokary döwlet wezipesinde parahatçylygyň, öňe gitmegiň we Gyrgyz Respublikasynyň doganlyk halkynyň gülläp ösmegiň bähbidine uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter