Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

опубликованно 18.10.2017 // 1103 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Moşe Kamhini kabul etdi. Ilçi türkmen döwletiniň Baştutanyna ynanç hatyny gowşurdy.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ysraýylyň iň ýokary ýolbaşçylarynyň ähli türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny hem-de mähirli salamyny ýetirdi. Diplomatyň belleýşi ýaly, onuň ýurdunyň hökümeti özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen döwletara gatnaşyklaryny has-da giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.

Hormatly Prezidentimiz Ysraýylyň Prezidentine hem-de Premýer-ministrine hoşniýetli sözleri hem-de iberen mähirli salamy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi türkmen-ysraýyl hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan ösüşlere beslenen daşary syýasat strategiýasy döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär. Ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän hem-de ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilip, üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli başlangyçlar munuň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we diplomat halkara guramalarynyň hem-de abraýly düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler.

Milli Liderimiz hemmetaraplaýyn innowasion ösüşe, senagatlaşdyrmaga hem-de senagat düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmaga tarap ugur alan Türkmenistanyň ýokary tehnologiki ugurlara aýratyn ähmiýet berýändigini, munuň bolsa gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Ilçi söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy artdyrmaga uly kuwwatyň bardygyny nygtap, köp pudaklarda baý tejribä hem-de peýdaly işläp taýýarlamalara eýe bolan Ysraýylyň toplanan tejribäni we dürli ulgamlardaky nou-haulary Türkmenistana hödürlemäge taýýardygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ilçi döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolan ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ylym we bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça aragatnaşyklary pugtalandyrmak babatda pikirlerini aýtdylar. Ýurdumyzyň häzirki döwürde ösdürilmegine uly üns berýän sport we syýahatçylyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy.

Jenap Moşe Kamhi ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Ysraýyl Döwletiniň diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özara bähbitlere kybap gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak üçin hemme tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter