Baýramçylyk “kerwenleri” “ak altynyň” bir million tonnadan gowragyny taýýarlaýyş nokatlaryna tabşyrdylar | TDH
Ykdysadyýet

Baýramçylyk “kerwenleri” “ak altynyň” bir million tonnadan gowragyny taýýarlaýyş nokatlaryna tabşyrdylar

опубликованно 19.10.2017 // 960 - просмотров
 

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ýygym möwsümi şanly sepgide ýetdi. Ýurdumyzyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.

Pagtaçylaryň bu üstünligi ähli oba hojalykçylaryň birleşen tagallalarynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, obasenagat toplumynyň sebitleýin esasda ýöriteleşdirilmegi, ekerançylyga bazar gatnaşyklary usullarynyň meýilnamalaýyn ornaşdyrylmagy we başga-da birnäçe ugurlar Türkmenistanyň häzirki zaman oba hojalyk syýasatynda täze mana we anyk mazmuna eýe boldy.

Munuň özi türkmen obalarynyň keşbini özgertmek, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, döwrebap agrofirmalary we gaýtadan işleýän kärhanalary döretmek, hususy ulgamy yzygiderli ösdürmek ýaly häzirki döwrüň wezipelerine laýyk gelmek bilen olaryň üstünlikli çözgüdi bilen berk baglanyşyklydyr.

Oba hojalyk pudagyna döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Munuň özi obasenagat toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagynda, onuň önümçilik düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagynda, daýhanlary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde, meliorasiýa we suw üpjünçiligi meseleleriniň çözgüdinde öz beýanyny tapýar. Obasenagat toplumynyň zerurlyklary üçin döwrebap traktorlar, kombaýnlar we beýleki tehnikalar satyn alynýar.

Ýokary derejede mehanizmleşdirmek we zähmeti awtomatlaşdyrmak oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm ugry bolup durýar. Bu ulgamda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler oba ýerlerindäki hünärleriň abraýynyň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň oňa işjeň çekilmegine we ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna mümkinçilik berdi.

“CLAAS”, “John Deere” ýaly belli kompaniýalaryň, Daşkendiň oba hojalyk tehnikalary kärhanasynyň pagta ýygyjy kombaýnlary we beýleki tehnikalary ýurdumyzyň meýdanlarynda netijeli hereket edýär. Tehnikalary gurnaýjylaryň we inžener-işläp taýýarlaýjylaryň tagallasy netijesinede olar ýyl-ýyldan kämilleşdirilýär, öndürijilik güýji, dolandyryş oňaýlylygy ýokarlandyrylýar.

Häzirki döwurde ýurdumyzyň pagta meýdanlarynda welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ykdysady taýdan amatly hasaplanylýan Özbegistanda öndürilen “MX-1,8” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 500-si bökdençsiz hereket edýär.

Ýeri gelende aýtsak, dünýä belli “CLAAS” kompaniýasy şu ýyl ilkinji gezek Türkmenistanyň toprak-howa şertlerine ýöriteleşdirilen üç tigirli bejergi traktorlary, şeýle hem sürüm we däne ýygýan kombaýnlary ýurdumyzda netijeli peýdalanylýar.

Şunlukda kuwwatly pagta ýygýan kombaýnlara Özbegistanda öndürilen pagta ýygyjy kombaýnlaryň goşulmagy arkaly olaryň hasyl ýygyjylyk tizligi ýokary, alynýan hasylyň arassalyk derejesi kada laýyk bolup, olaryň ýurdumyz üçin bähbitli bolmagy Arkadag Prezidentimiziň öňden görüjilikli we paýhasly başlangyçlarynyň rowaç alýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkara derejesinde oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde ulanylýan “John Deere” kombpaniýasynyň pagta we däne ýygýan kombaýnlary, sürüm traktorlary ýurdumyzyň toprak – howa şertlerine laýyk gelýän tehnikalaryň hataryna gelip gowuşdy.

Bu bolsa ýurdumyza halkara hyzmatdaşlygyna we dürli ulgamlarda giňden tejribe alşylmagyna hem-de ylmy esasda ykrar edilen täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Pagtaçylyk we däneçilik ýurdumyzyň ekerançylygynyň möhüm ugurlary bolup durýar. “Ak altynyň” we “ak bugdaýyň” önümçiligi hem-de gaýtadan işlenmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obasenagat syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Oba hojalyk özgertmeleriň täze ykdysady gurşawda geçirilmegi olaryň häsiýetli aýratynlygy bolup durýar. Möhüm wezipeleriň çözgüdinde halkara hyzmatdaşlygyna, özara tejribe alşylmagyna, şeýle hem hususy hojalykçylaryň başlangyçlarynyň, telekeçiligiň höweslendirilmegine hem-de eýeçiligiň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine möhüm orun degişli bolup durýar.

Şu günler pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Her günde “ak altyn” tonnalary kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýar. Indi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň bähbidine ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan şu ýylky wajyp wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin sazlaşykly we öndürijilikli zähmet arkaly ýygymyň depginini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter