Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanymyz käbir ýobaşçylary wezipelere belledi

опубликованно 19.10.2017 // 1094 - просмотров
 

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

ýustisiýanyň geňeşçisi Döwlet Akmuhammedowiç Täşliýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy wezipesine bellenildi;

ýustisiýanyň geňeşçisi Baýramnazar Allanazarowiç Gulow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň häkiminiň orunbasary Agageldi Meretdurdyýewiç Gyşykowyň üstüne ýüklenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter