Singapuryň Prezidenti türkmen Liderini V Aziadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Singapuryň Prezidenti türkmen Liderini V Aziadanyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

опубликованно 21.10.2017 // 966 - просмотров
 

Singapur Respublikasynyň Prezidenti hanym Halima Ýakobdan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Aşgabatda Yapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilendigi mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.

Iki ýuruduň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryna goldaw bermek we ony berkitmek barada aýdyp, Singapuryň Baştutany dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter