Türkmenistan — BMG: ählumumy ynsanperwer wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: ählumumy ynsanperwer wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk

опубликованно 30.04.2015 // 983 - просмотров
 

Aşgabat, 30-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Hökümetiniň BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen bilelikde guran Merkezi Aziýa migrasiýa akymlary meseleleri boýunça iki günlük okuw maslahaty öz işini tamamlady. Duşuşyga ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň barşynda ählumumy abadançylygyň bähbidine tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmek işine ägirt uly goşant goşmak bilen, türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli ýöredýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylalaşdyryjylyk syýasatyna ýokary baha berildi. Milli Liderimiziň Birinji jahan urşunda iri söweşleriň biri — Çanakgalada bolup geçen söweşiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, ýakynda Türkiýede geçirilen hatyra çärelerine gatnaşmagy hem bu syýasatyň ynsanperwerligini hem-de ählumumy howpsuzlyga we durnuklylyga bolan gyzyklanmany alamatlandyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan — BMG gatnaşyklarynyň ynsanperwer ulgam ýaly möhüm ugrunda gatnaşyklarynyň netijelidigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ulgamda gatnaşyklar häzir täze mazmuna eýe boldy. Hususan-da, BMG-niň Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Komitetiniň hemişelik agzasy bolmak bilen, Türkmenistan bosgunlara kömek bermek we olaryň hukuklaryny goramak boýunça maksada gönükdirilen işleri geçirip we bu ugurda anyk ädimleri ätmek bilen dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşandyny goşýar.

Çykyş edenler öz çykyşlaryny bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmekde dünýä we milli tejribesiniň seljermesine, şunda halkara guramalarynyň eýeleýän ornuna, degişli ugurda köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösüşine we ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamaga, göçýänleriň ýurda girmeginiň we olaryň serhetýaka gözegçiliginiň belli bir ulgamyny döretmäge bagyşladylar. Şol ulgam migrasiýa akymlaryny netijeli dolandyrmagyň zerur bolan derejesini üpjün edýär.

Ýurdumyzda bu ugurda geçirilen möhüm we netijeli işler hökmünde «Bosgunlaryň hukuk ýagdaýy hakynda» we «Apatridleriň derejesi hakynda» Konwensiýalarda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmek, şeýle hem ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ähli hukuklardan peýdalanyp bilmegi üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Karary bilen, raýatlygy bolmadyk adamyň we bosgunyň şahadatnamasynyň we ýol resminamasynyň, ýaşamak üçin görnüşiň täze nusgalary güýje girizildi. Bu resminamalar ICAO (Raýat awiasiýasynyň halkara guramasy) standartlaryna doly laýyk gelýär. Umuman, bu çäreler halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak babatda oňyn tejribe bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda bu ýere ýygnananlar şu günki maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň gyzyklanma bilen ara alyp maslahatlaşylmagynyň migrasiýany milli, sebit we halkara derejelerinde kadalaşdyrmak babatda ählumumy meseleleri çözmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter