Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker

опубликованно 25.10.2017 // 858 - просмотров
 

Türkmenistan bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça Ähtnama gol çeker. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde taslamany makullap, degişli Buýruga gol çekdi.

Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen strategiki hyzmatdaşlyga ygrarly bolmak bilen, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary yzygerli ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, UNCTAD bilen netijeli gatnaşyklara aýratyn üns berilýär.

BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasy 1964-nji ýylda döredildi. 194 döwlet onuň agzasy bolup durýar, şeýle hem halkara guramalarynyň 114-si bu guramanyň işine synçy hökmünde gatnaşýar. Bu düzüm BMG-niň söwda we ösüş, maliýe, tehnologiýa, maýa goýum meseleleri babatda toplumlaýyn işleri alyp barýan utgaşdyryjy edarasydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter