Ýurdumyzda halkara bilim we sport forumy geçiriler | TDH
Jemgyýet

Ýurdumyzda halkara bilim we sport forumy geçiriler

опубликованно 25.10.2017 // 941 - просмотров
 

Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler.

Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder. Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter