Türkmenistan –Tatarystan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan –Tatarystan Respublikasy: özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugry bilen

опубликованно 26.04.2015 // 826 - просмотров
 

Aşgabat, 26-njy aprel (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy. Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin iş sapary bilen Aşgabada geldi.

R.Minnihanow Türkmenistana gelip görmäge iberilen çakylyk hem-de bu ýerde görkezilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyz bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we ählumumy rowaçlyga hem-de parahatçylyga we ykdysady ösüşe gönükdirilen oňyn syýasatyna ýokary baha berilýän hem-de onuň hemmetaraplaýyn goldanylýan ýurdy bolan Tatarystan üçin möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.

Milli Liderimiz R.Minnihanowy mähirli garşylap, hoşniýetli dostlarymyzy we döwrüň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlarymyzy Türkmenistanda görmäge hemişe şatdygyny aýtdy. Russiýa Federasiýasy bilen dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurduň birnäçe sebitleri, şol sanda taryhy taýdan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, birek-birege hormat goýmak hem-de goldamak ýörelgelerine esaslanýan ykdysady we medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi Tatarystan bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň baş şertidir.

Dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalar boldy. Şonda soňky ýyllarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň netijesinde gazanylan ägirt uly mümkinçilikleri, oňyn tejribeleri we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmalary nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ägirt uly geljeginiň bardygy bellenildi.

Tatarystanyň “KamAZ”, “Tatneft” açyk paýdarlar jemgyýeti, Kazanyň dikuçar zawody we beýlekiler ýaly iri kompaniýalary bilen Türkmenistanyň köpýyllyk özara peýdaly gatnaşyklary bar bolan mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna hyzmat edýär.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk we Türkmenistanda işleýän tatar kompaniýalaryna goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Tatarystanyň işewür toparlarynyň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini aýratyn nygtady. Söhbetdeşler soňky ýyllarda kuwwatly ösüşe eýe bolan özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň giň ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge taýýardygyny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary çalt durmuşa geçirmek we bilelikdäki işiň möhüm meýilnamalaryny kesgitlemek boýunça anyk ugurlar ara alyp maslahatlaşyldy.

R.Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň we dünýäniň işewür düzümlerinde ygtybarly hyzmatdaş, boýun alan borçnamalaryna birkemsiz eýerýän Türkmenistanyň halkara abraýynyň ilerlemeginiň möhüm şertidigini nygtady.

Söhbetdeşleriň pikirine görä, köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady ugurda, hususan-da, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda, oba hojalyk, ýeňil we agyr senagat pudaklarynda hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginlerine, umuman, kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hyzmat edýän medeni- gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini bellediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanda ylym hem-de bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmäge, Russiýa Federasiýasynyň ylmy merkezlerinde we ýokary okuw mekdeplerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine ilkinji derejeli üns berilýär, Russiýa Federasiýasynda köpsanly türkmen talyplary bilim alýar.

Türkmenistanda hem, Tatarystanda hem ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamynda tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri pikir alyşmalaryň aýratyn meselesine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, häzirki zaman sport düzümini kemala getirmek, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtmak bilen, 2013-nji ýylda Bütindünýä tomusky uniwersiadany ýokary derejede geçiren hem-de häzirki wagtda 2015-nji ýylyň tomsunda sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatyny we 2018-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görýän Tatarystan bilen tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi, şunda ýurdumyzda aprel aýynda her ýyl geçirilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” biraýlygynyň bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge uly ýardam berýändigi bellenildi.

Myhman 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, sport ulgamy boýunça ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini belläp, Tatarystanyň iri halkara ýaryşlaryny guramakda tejribe alyşmaga, türkmen türgenleriniň hem-de tälimçileriniň ussatlyk we hünär derejesini ýokarlandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny aýtdy.

Iki tarapyň hem pikirine görä, atşynaslyk we atçylyk sportuny ösdürmek ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin uly mümkinçilikler açylýar, bu ulgam türkmen hem-de tatar halklarynyň medeniýetiniň we milli gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Tatarystanda hem ýurdumyzda hem gadymy däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek, atçylyk pudagyny ösdürmek we degişli düzümleri döretmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tatarystanly hyzmatdaşlar bilen köptaraply bilelikdäki işleri geçirmäge taýýardygyny tassyklap, öňden gelýän hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň milli we sebit ähmiýetli täze özara bähbitli taslamalaryň hasabyna dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Tatarystanyň ýolbaşçysyna Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşýandygy we doganlyk türkmen hem-de tatar halklarynyň köpasyrlyk dostluk we hoşnýietli goňşuçylyk däplerini pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän R.Minnihanow öz nobatynda bu ýerde bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, milli Liderimizi ählihalk baýramy bilen gutlady, bu baýramçylyk türkmen halkynyň dünýä ösüşiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygyna öwrülen meşhur bedewlere belent sarpa goýýandygynyň subutnamasydyr.

R.Minnihanow şu gün doganlyk türkmen halky bilen buýsanjyny paýlaşmaga hem-de gadymy döwürlerden bäri ýer ýüzünde uly şöhrat gazanan ajaýyp ahalteke bedewleriniň gözelliginden lezzet almaga döredilen mümkinçilik üçin şatdygyny nygtady. Tatarystanyň baştutany şu gezekki baýramçylyk dabaralarynyň geriminiň we ajaýyp öwüşgininiň özünde ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy, oňa dünýäniň 50 ýurdundan daşary ýurtly myhmanlaryň 500-si gatnaşdy. Myhman hormatly Prezidentimize bagt, parahatçylyk, durnuklylyk we Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, tutuş türkmen halkyna bolsa abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, ikitaraplaýyn uzakmöhletleýin bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Duşuşyk tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanow Halkara atçylyk sport toplumyna ugradylar. Bu ýerde Türkmen bedewiniň şu gün bellenilýän baýramy mynasybetli esasy dabaralar geçirilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter