Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Itera» kompaniýasynyň baştutanyny kabul etdi

опубликованно 25.04.2015 // 904 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Itera» halkara kompaniýalar toparynyň baştutany Igor Makarowy kabul etdi.

Myhman Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene bilen gutlady we tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi. Işewür ýolbaşçylyk edýän holding kompaniýasynyň halkara derejesinde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny aýdyp, özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary ýurt, şol sanda rus kompaniýalary bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmaga, halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

«Itera» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny, şol sanda nebitgaz, gurluşyk ulgamlaryndaky meýilnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin bar bolan mümkinçiliklerini gönükdirmäge taýýardygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurlaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljek üçin, şol sanda sport düzümini kemala getirmekde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

I.Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen bazarynda alnyp barylýan işleriň möçberlerini artdyrmaga meýillidigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, işewür birnäçe maýa goýum taslamalarynyň mümkinçilikleri hakynda aýtdy we «Itera» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigini nygtady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter