Halkymyzyň asuda we bagtly durmuşynyň üpjün edilmegi üçin sylaglar | TDH
Syýasat habarlary

Halkymyzyň asuda we bagtly durmuşynyň üpjün edilmegi üçin sylaglar

опубликованно 27.10.2017 // 1051 - просмотров
 

Paýtagtymyzyň baş meýdançasynda geçirilen Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna döwlet sylagyny — Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medalyny gowşurdy.

Milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, hemmeleri özygtyýarly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, ýurdumyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň asuda we bagtly durmuşyny üpjün etmek boýunça jogapkärli işlerinde täze üstünlikler arzuw etdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň goranmak kuwwatyny berkitmek, jemgyýetçilik tertibini, howpsuzlygyny üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň “Mälikguly Berdimuhamedow” medaly bilen sylaglamak hakynda karara gelendigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berdi, ol sylaglanan harby gullukçylar hakynda resminamany okady.

Mälim bolşy ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralar ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine uly goşant goşýarlar. Olar milli Harby doktrinany durmuşa geçirmek, kanunylygy we düzgün-tertibi berkitmek, ene topragymyzyň asudalygyny, türkmenistanlylaryň döredijilikli durmuşyny üpjün etmek, türkmen jemgyýetiniň agzybirligini we jebisligini berkitmek boýunça öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan harby özgertmeleriň çäklerinde Türkmenistanda harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, şahsy düzümleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler görülýär.

Özlerine bildirilen ýokary ynam we hormat, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylar barada hemmetaraplaýyn alada etmek baradaky meselelere berilýän üns üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk bildirmek bilen bu ýere ýygnananlar öz öňlerinde durýan möhüm we örän jogapkärli wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

Täze taryhy döwürde şöhratly we edermen ata-babalarymyzyň parasatly däplerini dowam edijiler bolmak bilen, Watan goragçylary öz üstlerine ýüklenen asylly wezipäni mynasyp ýerine ýetirýärler.

Harby gullukçylaryň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmek ýokary hünärli serkerdeleriň paýyna düşýär. Munuň üçin bolsa ýurdumyzda hereket edýän ýöriteleşdirýän harby we hukuk goraýjy ýokary okuw mekdeplerinde bu möhüm wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň geljekde hem öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşjekdigine ynam bildirdi.

Döwlet sylaglaryna mynasyp bolan harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň mukaddes Tuguna tagzym edip, Watanymyza, halkymyza we hormatly Prezidentimize wepalylyk kasamyny aýtdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti, Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny döwlet sylaglary bilen gutlap, bu sylaglaryň olary täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna, mähriban halkymyzyň we berkarar döwletimiziň öňünde has-da uly işleri bitirip, at-abraýynyň, mertebeleriniň ýokary bolmagyna galkyndyrjakdygyna ynam bildirdi.

Şeýle hem milli Liderimiz günüň ikinji ýarymynda işde tapawutlanan harby gullukçylara we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine degişli döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary ýene-de bir gezek gutlap, olara eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň tabşyrygy boýunça baş baýram bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk şanly senesi mynasybetli Watan goragçylaryna — harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we olara nobatdaky harby atlary dakmak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň ähli harby we hukuk goraýjy edaralarynda geçirilen bu çärede çykyş edenler özleriniň işine berlen ýokary baha, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin amatly şertleri döretmek barada edilýän yzygiderli alada üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň edýän atalyk aladasy we Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna berlen ýokary baha üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, harby gullukçylar öňde durýan möhüm hem-de jogapkärli wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda mähriban Watanymyza we halkymyza ähli güýç-gaýratyny gaýgyrman, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter