Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň «Knauf» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň «Knauf» kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

опубликованно 25.04.2015 // 885 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň «Knauf» kompaniýasynyň wekilleri, GFR-iň ozalky ykdysadyýet we tehnologiýalar federal ministri, häzir bolsa «Knauf» kompaniýasynyň döwlet düzümleri bilen özara gatnaşyklar baradaky baş wise-prezidenti Mihael Glosy we şu kompaniýanyň GDA ýurtlary boýunça dolandyryjysy Aleksandr Blýumhardty kabul etdi.

Ýewropanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçylary duşuşyk üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň buýsanjy, beýik gazanany bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagyny arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň dürli ulgamlar, şol sanda ýangyç-energetika toplumy, gurluşyk, aragatnaşyk, saglygy goraýyş, oba hojalygy, bank we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen kompaniýalary bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda ýokary netijä eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň ösen tejribelerini, tehnologiýalaryny, Germaniýanyň bu babatda ýeterlik tejribe toplan we hyzmatdaşlyk borçnamalaryna örän jogapkärçilikli çemeleşýän kompaniýalaryny çekmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyk etmek arkaly türkmen döwleti bilelikdäki netijeli işler üçin ähli şertleri döredýär hem-de ägirt uly maliýe, salgyt we gümrük ýeňilliklerini nazarlaýan, milli kanunçylyk ulgamyny yzygiderli kämilleşdirýän we ony umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirýän maýa goýum syýasatyny durmuşa geçirýär.

«Knauf» kompaniýasynyň wekilleri gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi boýunça Ýewropada öňdäki orunlaryň birini eýeleýän we ýokary hilli hem-de zerur bolan önümleri öndürmekde dünýäniň ähli künjeklerinde iş alyp barýan kompaniýalarynyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdiler.

Myhmanlar netijeli işewürligi alyp barmak üçin ähli şertleriň üpjün edilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýdyp, milli Liderimize Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de durmuşa geçirilýän giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan bilelikdäki taslamalar boýunça birnäçe teklipleri hödürlediler.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we myhmanlar uzakmöhletleýin, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna bolan gyzyklanmalary nazara almak arkaly ýola goýulýan gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter