Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 25.04.2015 // 1043 - просмотров
 

Aşgabat, 25-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalygy kabul etdi.

Türk işewüri döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlap, umumymilli baýramçylyk dabaralarynyň özünde uly täsir galdyrandygyny beýan etdi. Myhmanyň belleýşi ýaly, ýolbaşçylyk edýän gurluşyk kompaniýasy üçin durmuş-ykdysady ösüşde ägirt uly üstünlikleri gazanan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek uly mertebedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmana gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigini belledi, bu ýurt bilen Türkmenistany taryhy – medeni umumylyk hem-de dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, türkmen döwletiniň öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň tarapdary bolup çykyş edýändigini aýdyp, şu ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda köp sanly türk kompaniýalarynyň üstünlikli işleýändigini, olaryň iň täze işläp taýýarlamalara, uly ylmy we önümçilik kuwwatlyklara eýedigini kanagatlanmak bilen belledi.

Duşuşygyň baryşda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman dürli ugurlarda, şol sanda energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. «Çalyk Holding» kompaniýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan bilelikdäki möhüm taslamalaryň ilerledilişi barada hasabat berdi.

Duşuşygyň ahyrynda türk işewüri duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter