Daşary ýurtly Liderler hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýarlar | TDH
Politics

Daşary ýurtly Liderler hormatly Prezidentimizi Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlaýarlar

опубликованно 28.10.2017 // 2115 - просмотров
 

Türkmenistanyň Garaşsyzlygymyzyň şanly 26 ýyllygy mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlary gelmegini dowam edýär.

Türkmenistan garaşsyzlygyny alan döwründen bäri döwletliligiň esaslaryny pugtalandyrmakda uly üstünlikler gazandy. Häzirki wagtda ýurduňyzda syýasy durnuklylyk saklanýar, milli ykdysadyýet ösdürilýär hem–de ilatyň abadançylygy yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Biziň döwletlerimiziň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine berkidiljekdigine we ösdüriljekdigine çuňňur ynanýaryn diýip Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew belleýär.

Geçen döwürde Siziň ýurduňyz ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň halkara giňişliginde abraýyny pugtalandyrmak ugruny eýermek bilen döwlet gurluşygynda uly ýol geçdi. Şu ýyllyň içinde ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň dostluk ýörelgeleriniň we ýurtlarymyzyň halklarynyň özara hormat goýmak esasynda ösdürilýändigini bellemek möhümdir. Köp babatda şularyň, şeýle hem ýokary derejede özara ynamyň netijesinde biz gün tertibiniň iktaraplaýyn möhüm meselelerini bilelikde çözýäris diýip, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan öz gutlagynda nygtaýar.

Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda Siziň Alyhezretiňiz bilen duşuşyp, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandygymyza kanagatlanma duýgularymy beýan etmek isleýärin. Şol Oýunlara köp sanly owgan türgenleriniň gatnaşmagy biziň ýurtlarymyzyň dost-doganlygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Siziň Alyhezretiňiz yklymyň ýurtlaryny birleşdirýän iri möçberli çäräni mähirli myhmansöýerlik ruhunda geçirendigiňiz üçin hoşallygymy beýan edýärin. Ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary we bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, Owganystanyň bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin diýen sözler Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň hatynda aýdylýar.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyny bellän ýurtlarymyzyň arasyndaky durmuş, syýasy, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň Aşgabat bilen Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşyklarynda açylýan täze mümkinçilikler netijesinde mundan beýläk-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy üçin uly mümkinçiliklere eýe boljakdygyna umydymy beýan edýärin diýip Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella belleýär.

Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky ýyllarda okgunly ösdürilýändigine şatdyryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy iki döwletiň bähbidine netijeli teklipleriň öňe sürülmegini şertlendirýär diýen sözler Wengriýanyň Prezidenti Ader Ýanoşyň hatynda beýan edilýär.

Slowakiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine ähli ulgamlarda geljekde hem ösdüriljekdigine ynanýaryn. Siziň ýurduňyza we onuň raýatlaryna parahatçylykly ösüş, abadançylyk hem-de durnukly we demokratik jemgyýetiň gurluşygynda mundan beýläk-de üstünlikler arzuw edýärin sözleri Slowakiýa Respublikasynyň Prezidenti Andreý Kiskanyň gutlag hatynda beýan edilýär.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynamyň hem-de dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň dowam etjekdigine ynanýaryn diýip Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Doris Loýthard öz hatynda belleýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter