TDHÇB-yň söwdalarynda esasan nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri uly orun tutdy | TDH
Ykdysadyýet

TDHÇB-yň söwdalarynda esasan nebitiň we pagtanyň gaýtadan işlenen önümleri uly orun tutdy

опубликованно 29.10.2017 // 1034 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümleriň giň görnüşi, metallurgiýa senagatynyň önümleri, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Olary Russiýadan, BAE-den, Şweýsariýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Owganystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 468 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, BAE-niň, Pakistanyň işewür toparlarynyň wekilleri we beýlekiler jemi bahasy 1 million 618 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter