Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Ispaniýa Patyşalygynyň ilçisi işläp başlady

опубликованно 30.10.2017 // 894 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ignasio Ibanes Rubiodan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Ispaniýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ignasio Ibanýes Rubio, öz nobatynda, hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Baştutanyna, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli salam we iň oňat arzuwlary aýtdy. Ispaniýanyň doly ygtyýarly wekili öz diplomatik tejribesini we bilimini iki ýurduň hem-de olaryň dostlukly halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ispan-türkmen hyzmatdaşlygyny giňeltmek üçin ulanjakdygyna ynandyrdy.

Soňra geçirilen söhbetdeşligiň barşynda diplomat Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak şol syýasatyň wajyp ugrudyr.

Ignasio Ibanes Rubio sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem-de ähli ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ýörelgesine ýokary baha berip, Ispaniýanyň Türkmen döwleti bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge taýýardygyny nygtady.

Şeýle hem BMG, Ýewropa Bileleşigi ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň özara maksat edinilýändigi aýdyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, syýahatçylyk ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, suw hojalygy hem-de energiýanyň alternatiw çeşmelerini peýdalanmak babatda özara hereket etmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda agzaldy. Şeýle hem ynsanperwer ulgamda hereketleriň, ylym, bilim gatnaşyklaryny, medeni alyşmalary hem-de taryhy-medeni mirasy öwrenmekde we gorap saklamakda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.

Ispaniýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ignasio Ibanes Rubionyň baştutanlygyndaky dostlukly ýurduň wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter