Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň oba hojalyk ministrini kabul etdi

опубликованно 23.04.2015 // 953 - просмотров
 

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, bu ýerde geçirilýän türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk ministri jenap Maurisio Martini kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň hökümet ýolbaşçylarynyň mähirli salamyny, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn, şol sanda iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ýola goýulýan türkmen-italýan gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Italiýanyň hökümet we döwlet Baştutanlaryna mähirli sözlerini aýtdy.Şeýle hem milli Liderimiz Italiýanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda ygtybarly hyzmatdaş bolup durýandygyny aýtdy hem-de ýurdumyzyň möhüm ugurlardaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň barşynda milli Liderimiz we myhman ähli ulgamlarda, şol sanda iki ýurduň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy hasaplanylýan oba hojalygynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Italiýanyň Milan şäherinde geçiriljek “EKSPO -2015” Bütindünýä sergisine gatnaşmagy ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde gazanan netijelerini hem-de üstünliklerini açyp görkezmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem serginiň barşynda azyk önümleriniň önümçiligi hem-de onuň eksporty bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Aşgabatda türkmen-italýan işewürlik forumynyň geçirilmegi, oňa döwlet we hususy düzümleriň, şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça ýöriteleşdirilen iri italýan kompaniýalarynyň onlarçasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy däp bolan hyzmatdaşlygy körugurly esasda ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň aýdyň subutnamasydyr.

Myhmanyň belleýşi ýaly, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we ägirt uly serişde gorlaryna, ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan Italiýanyň işewürler topary üçin uly gyzyklanma eýe bolup durýar. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy we ägirt uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak üçin giň mümkinçilikleri üpjün edýän ygtybarly kanunçylyk binýady Italiýanyň işewürleri we daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin has-da özüne çekijidir. Işewürlik maslahatynyň maksatnamasynda Italiýanyň işewürleri bilen Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralyrynyň wekilleri bilen duşuşyklary göz öňünde tutuldy. Onuň çäklerinde taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny, iň esasy bolsa özara peýdaly gatnaşyklaryň görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Italiýanyň oba hojalyk ministri pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy türkmen halkynyň ajaýyp ahalteke bedewlerine bolan ägirt uly söýgüsini, hormatyny alamatlandyrýan we her ýylda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem ol Italiýada hem ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň köpdügini aýtdy.

Myhman daşary ýurtlardan dabara gatnaşmak üçin 500-den gowrak wekil çagyrylan bu şanly sene mynasybetli guralan baýramçylyk çäreleriniň gerimine haýran galmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna bagt, parahatçylyk, abadançylyk we oňyn ösüş ýolunda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşyga Italiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Marko Mançini gatnaşdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter