Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisine gatnaşdy

опубликованно 23.04.2015 // 932 - просмотров
 

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ganatly bedewleriň hormatyna milli baýrama gabatlanyp Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň awgust aýynda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi ahalteke atçlygyny ösdürmegiň taryhynda täze eýýamy açdy. Assosiasiýanyň alyp baran işi netijesinde dünýäniň köp ýurtlarynda behişdi bedewleri ylmy esasda öwrenýän we atçylyk bilen yzygiderli meşgullanýan atçynaslar hem-de alymlar tarapyndan türkmen bedewine gyzyklanma has-da artdy. Assosiasiýanyň agzalanynyň esasy wezipeleriniň biri Ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak, sport ugurly beýleki tohum atlarynyň arasynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we giňeltmek bolup durýar.

Her ýyl Assosiasiýanyň işleriniň jemi jemlenip, onuň mejlislerinde geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryna, bilelikde hereket etmegiň anyk meselelerine garalýar, mejlise dünýäniň dürli ýurtlaryndan köpsanly wekiller gatnaşýar. Şonuň bilen bir wagtda, Türkmenistandan we daşary ýurtlardan Assosiasiýanyň hataryna girmek isleýän edara görnüşli we şahsy taraplaryň sany yzygiderli artýar. Kärdeş-hünärmenleriň yzygiderli duşuşyklary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär, bilelikdäki taslamalar, möhüm teklipler hem-de işewürlik gatnaşyklary bilen baýlaşdyrýar.

…Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Hökümet binasynyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtly we ýurdumyzdan bolan agzalary uly ruhubelentlik, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Mejlis başlamazynyň öň ýanynda Hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary bolup durýan guramalaryň ýolbaşçylary we forumyň myhmanlary bilen resmi surata düşmek dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Hökümet binasynyň mejlisler zalyna ýygnananlary mähirli mübärekläp we hemmeleri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmeginiň bäş ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap,
mejlisiň gün tertibini yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmek bilen bagly meselelere serederis diýip belledi. Assosiasiýanyň işjeň agzalaryny döwlet sylaglary bilen sylaglarys. Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisiniň geçiriljek wagtyny we ýerini kesgitläris. Şeýle hem, Assosiasiýanyň öňünde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys we degişli çözgütleri kabul ederis.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine bäş ýyl dolýar. Bu gysga döwrüň içinde dünýäniň çar künjünden köpsanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we hususy atşynaslar Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 29 döwletinden 132 sany edara görnüşli we şahsy tarap Assosiasiýanyň agzasy bolup durýar. Olaryň sany ýylsaýyn artýar we atçylyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär.

Müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek boýunça häzirki döwürde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde halkara derejesinde giňden bellenýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreler hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl hem türkmen bedewiniň şanyna bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 500-den gowrak wekili gatnaşýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Türkmenistanda döwlet tarapyndan atçylyk pudagynyň ösdürilmegine gönükdirilen yzygiderli işler amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda 600 baş ahalteke tohum atyny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň gurluşygynyň alnyp barylýandygyny görkezmek bolar. Bu toplumyň çäginde atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan 114 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar bar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem, Halkara we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary politrek düşegi düşelip döwrebaplaşdyryldy. Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde okuw merkezi we ýapyk manež guruldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda we atçylyk sungatymyzy ösdürmekde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem mynasyp paýy bar. Bu topar dünýäniň onlarça döwletinde geçirilen sirk oýunlary boýunça abraýly halkara festiwallaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Toparyň agzalary behişdi bedewlerimiziň atçylyk sportunda hem, sirk oýunlarynda hem haýran galdyryjy ukyp-başarnygyny açyp görkezdiler. Bu topar 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI Halkara sirk festiwalyna gatnaşyp, dünýäniň ençeme döwletleriniň sirk sungaty ussatlarynyň arasyndaky bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

2014-nji ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisiniň Hytaý Halk Respublikasynda geçirilendigini, şonda bu dostlukly döwletiň paýtagty Pekin şäherinde ahalteke bedewiniň medeni seýilgähiniň düýbi tutulmagyny milli Liderimiz şanly wakalaryň mysaly hökmünde görkezdi.

Türkmen seýisleriniň we ýetginjek çapyksuwarlaryň hünär we bilim derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olaryň Bahreýn Patyşalygyna hem-de Beýik Britaniýa okuwa ugradylmagyny we geçirilýän köp sanly beýleki çäreleri atçylyk pudagyny ösdürmek boýunça amala aşyrýan işlerimiziň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň agzalaryna ýüzlenmek bilen, 2014-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýa döwletleriniň Milli olimpiýa komitetleriniň arasynda taryhy Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy diýip nygtady. Şol duşuşygyň barşynda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarada we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna atçylyk sportunyň päsgelçiliklerden böküp geçmek (konkur) görnüşi hem goşuldy. Munuň özi, ahalteke bedewleriniň atçylyk sportunda şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we sportuň bu görnüşi boýunça olaryň täsin ukybyny doly açyp görkezmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyzda atşynaslaryň çekýän yhlasly zähmetine mynasyp baha bermek maksady bilen, «Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlar döredildi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Behişdi ahalteke atlary» žurnaly döredildi we ol häzirki döwürde türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýär.

Internet ulgamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiaýasynyň ýörite saýty hem döredildi. Bu Internet saýty dünýäniň dürli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri barada doly we takyk maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu günki geçirilýän mejlisiň hem meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende götermäge, dünýäniň dürli künjeginde behişdi bedewlerimizi ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň özara peýdaly tejribe alyşmagyna ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşy mejlise gatnaşyjylar we onuň myhmanlary tarapyndan uly üns berilip diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlisiň işine geçmek bilen pikir alyşmalara başlamagy teklip edip, gün tertibine girizilen meseleler boýunça çykyş etmek isleýänlere söz berdi.

Ilki bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Žan Mua söz berildi.

Ozaly bilen halkara assosiasiýasynyň şu gezekki duşuşygyna gatnaşmaga çagyrylandygy üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimizi hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmen bedewiniň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hanym Žan Mu döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, bedew bady bilen okgunly öňe barýan Türkmenistanyň bähbidine alyp barýan ýadawsyz işinde täze uly üstünlikler arzuw etdi.

Şu ýyl Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine bäş ýyl dolýar. Şu gysga döwrüň içinde dünýäde bar bolan ahalteke atçylyk assosiasiýalary, atçynaslar we bilermenler bir gurama birleşdiler, seýisçilik sungatynyň syrlaryny oňat bilýän türkmen kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin degerli mümkinçilikler döredildi. Aşgabat atçylyk sport toplumynyň ýanynda Okuw merkezi we ýapyk manež guruldy, onuň netijesinde ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmek mümkinçiligi peýda boldy.

Hanym Žan Mu çykyşyny dowam etmek bilen, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň göçme mejlisi geçirilendigini belledi. Türkmen Lideri özüniň taryhy çykyşynda Assosiasiýasynyň döredilmegi netijesinde arassa ganly ahalteke bedewiniň tohumyny aýawly saklamak we kämilleşdirmek, onuň baş sanyny artdyrmak, şeýle hem nusgalyk hasap edilýän behişdi bedewleriniň şöhratyny ýer ýüzüne wagyz etmek we ýaýratmak üçin ygtybarly binýadyň goýlandygyny belledi. Şol wagt hem Pekinde ahalteke bedewiniň medeni seýilgähiniň düýbi tutuldy, munuň özi dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy bolan ahalteke bedewine ähumumy gyzyklanmanyň özboluşly jemlenmesidir.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolmak bilen, hanym Žan Mu ahalteke bedewleriniň bütindünýä şöhratyny mundan beýläk-de wagyz etmek we artdyrmak üçin ähli tagallalar etjekdigine ynandyrdy.

Soňra Gündogar Urugwaý Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti jerap Guillermo Lokharta söz berildi.

Myhman günorta Amerikan atçynaslarynyň bileleşigine wekilçilik etmek bilen, Türkmenistanyň Baştutanynyň Bütindünýäde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewini wagyz etmek baradaky başlangyjyny gollady.
Häzirki wagtda Türkmenistanda türkmen Lideriniň ýardam we goldaw bermeginde atçylyk pudagy uly ösüşe eýe bolýar. Halkara derejeli atçylyk sport toplumlary gurulýar we ulanmaga tabşyrylýar, çapuw ýodalary dörebaplaşdyrylýar, arassa ganly ahalteke bedewleri üçin häzirki zaman toplumlary guruldy.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende götermek boýunça döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bahasyna ýetip bolmajak goşandyny belläp, myhman atşynaslar üçin döredilen şertlere haýran galýandygyny beýan etdi.

Milli at üstündäki oýunlar “Galkynyş” topary Italiýada we beýleki ýurtlarda geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, baş baýraklara mynasyp boldy we türkmen halkynyň milli buýsanjy meşhur ahalteke bedewleriniň şöhratyny has belende göterdi diýip, Guillermo Lokhart belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iri möçberli işlerinde ägirt uly üstünlikler arzuw edip, jenap Lokhart her ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmak üiçn Türkmenistana gelende, ajaýyp paýtagt-Aşgabat şäheriniň barha ajaýyp keşbe beslenýändigini tolgunmak bilen synlaýandygyny, meşhur ahalteke bedewiniň hormatyna bina edilen ýadygärliklere haýran galýandygyny aýtdy.

Atçylyk işewürliginiň daşary ýurtly wekillerine hoşniýetli sözleri hem-de gyzykly we çuň manyly çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, milli Liderimiz Garaşsyz döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýar, Türkmenistan sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge mynasyp goşant goşýar diýip belledi.

Türkmen döwletiniň Bitaraplygy Ýer ýüzünde asudalygy, howpsuzlygy, ynsanperwerligi we dost-doganlygy ündeýän beýik taglymatdyr. Biz dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarymyzy yzygiderli ösdürýäris.

Şu ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik hukuk ýagdaýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilenine 20 ýyl dolýar. Şol sebäpli hem, biz şu ýyly «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýip yglan etdik.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine, atçylyk pudagyny, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan saldamly goşantlary üçin, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde gazanan uly üstünliklerini göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli daşary ýurtly atşynaslaryň birnäçesini Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak barada karara gelendigini yglan etdi.

Alyp baryjy ýygnananlaryň adyndan milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Watanymyz üçin ykbal çözüji beýik işleriň amala aşyrylýan zamanasydygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu başlangyçlaryň ruhlandyryjysy bolup çykyş edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda behişdi bedewleri gorap saklamak we ýer ýüzünde giňden wagyz etmek, ýurdumyzyň şöhratly atçynaslyk ýörelgelerini dowam etmek hem-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän deňsiz- taýsyz özgertmeler türkmen halkynyň giň goldawyna eýe bolýar, halkymyz öz Lideriniň daşyna jebisleşip, parahatçylyk, döredijilik we abadançylyk ýola bilen ynamly öňe barýar.

Soňra daşary ýurtly atşynaslary “Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky» Perman okalýar.Dabaraly ýagdaýda, mejlise gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmagynda hormatly Prezidentimiz asylly maksatlaryň bähbidine bilelikde iş alyp barmak baradaky sözleri aýtmak bilen, daşary ýurtly raýatlara sylaglary gowşurýar.

Gündogar Urugwaý Respublikasynyň Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Guillermo Lokhart Helguera, Kanadanyň raýaty, hususy atçynas Pontekorwo Tito Nils, Hytaý Halk Respublikasynyň Atçylyk assosiasiýasynyň daşary aragatnaşyklar bölüminiň müdiri Žan Mu, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katerina-Irena Anna Margaret Ýakob Geb. Şrayner hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň elinden mynasyp bolan sylaglaryny belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen kabul edýärler.

Kanadaly hususy atçynas Pontekorwo Tito Nils öz zähmetine berilen ýokary baha, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atçylygyny gaýtadan dikeltmäge we ösdürmäge berýän hemişelik ünsi üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Ol Türkmen Lideri tarapyndan geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat, dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlaryň Türkmenistanyň abraýyny barha ýokarlandyrýandygyny belledi.

Halkara assosiasiýasynyň döredilmegi bilen ahalteke bedewiniň watanynda behişdi bedewleri wagyz etmek boýunça pikirleri we tejribe alyşmak üçin mümkinçilikler döredi diýip, myhman aýtdy.

Pontekorwo Tito Nils bütin ömrüni atçylygy ösdürmäge bagyş eden adam hökmünde Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda özüne ýokary döwlet sylagynyň gowşurylandygy üçin hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini beýan edip, öz gözelligi bilen hemmeleriň kalbynda orun alýan ahalteke tohum atlaryny ýetişdirmäge gönükdirilen zerur işleri geljekde hem alyp barjakdygyny ynandyrdy.

Soňra çykyş eden Germaniýanyň “Jeýkob Ferdezuçit GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katerina – Irena Anna-Margareta Ýakob Geb. Şraýner hemmeleri Türkmen bedewiniň baýramy bile tüýs ýürekden gutlap, bu senäniň soňky ýyllarda halkara derejesine eýe bolandygyny belledi. Ol ahalteke atçynaslygy barada, atçylyk bilen baglanyşykly ýurdumyzda amala aşyrýan ähli özgertmeler bilen giňişleýin tanyş bolmaga doly mümkinçilik döredilendigini aýtdy. Hususan-da, biz bina edilen häzirki zaman iri atçylyk sport tplumlaryny öz gözümiz bilen gördük, atçylyk boýunça hünärmenleriň taýýarlanylyşy bilen tanyşdyk diýip, myhman aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, atçylyk sportunyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Hususan-da, Ýapyk binada we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň sanawyna päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça atçylyk sportunyň görnüşiniň girizilendigi üçin hoşallyk sözleri aýdyldy.

Özüne ýokary döwlet sylagynyň – Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurlandygy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan edip, myhman Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini kämilleşdirmäge, şeýle hem Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmäge goşandyny goşjakdygyna türkmen Liderini ynandyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol köp asyrlaryň dowamynda tutuş ýer ýüzüne ýaýran meşhur ahalteke bedewleriniň şöhratynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylygy ösdürmäge aýratyn üns berýändigi netijesinde has-da artýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän atçynaslyk ýörelgeleriniň gaýtadan dikeldilmegine we dowam etdirilmegine, seçgi - tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine we ösdürilmegine, ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumyny gorap saklamaga we baş sanyny artdyrmaga goşýan ägirt uly goşandy aýratyn bellenildi. Muňa täze, döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin Okuw merkeziniň döredilmegi we atşynaslarymyz üçin ähli şertler göz öňünde tutulan şäherçeli tohum atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap atçylyk toplumynyň gurulýandygy hem şaýatlyk edýär.

Şu ýyl ilkinji gezek Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ýetginjek çapyksuwarlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy türkmen seýisleriniň ahalteke tohum atlarynyň täze nesliniň öz meşhur nebereleriniň şan-şöhratyny artdyryp, türkmen halkynyň buýsanjyny belende göterjekdiklerine ynandyrdy.

Dabara tamamlanandan soň milli Liderimiz sylaglananlaryň ählisini gutlady we olara gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, olaryň genofonduny goramak boýunça tutanýerli zähmeti üçin minnetdarlyk bilidrip, hemmelere berk jan saglyk hem-de üstünlikler arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem, daşary ýurtly myhmanlary Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaraly çärelere, şol sanda paýtagtymyzda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly VII halkara ylmy maslahatyna gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow Assosiasiýanyň nobatdaky VI mejlisini 2016-njy ýylyň aprel aýynda Aşgabatda geçirmek baradaky degişli resminama gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň V mejlisi tamamlanandan soň maslahata gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter