Milli pul birligimiziň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahatda bu ugurda pikir alşyldy | TDH
Ykdysadyýet

Milli pul birligimiziň esasy ugurlaryna bagyşlanan maslahatda bu ugurda pikir alşyldy

опубликованно 01.11.2017 // 966 - просмотров
 

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş institutynyň mejlisler zalynda türkmen milli manadynyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahata hökümet agzalary, döwlet we täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, degişli ministrlikler we pudak edaralar, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyňwe Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy Akademiýasynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Çykyş edenler, maliýe we bank ulgamlarynyň kämilleşmegi, manatyň durnuklulugy we ykdysady ösüşiň gatnaşygy, banknotlaryň üýtgedilmegi, sebit we halkara abraýly maliýe gurluşlary bilen hyzmatdaşlygyň giňemegi, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanşygynyň taryhy barada beýan etdiler.

Maslahata gatnaşyjylara ilata we telekeçilere edilýän döwrebap tehnologiýalarda edilýän hyzmatlar gürrüň berildi. Internet-bankingi girizmek, şeýle hem nagt däl hasaplaşyga geçmek, bank ulgamynyň täze, sanly görnüşe geçmegi, türkmen manadynyň derejesini güýçlendirmäge ýardam eder.

Esasy meseleleri biri karzlaryň berilmeginiň ösmegi boldy. Fiziki we ýuridiki şahslara karz pullaryny bermegiň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy, Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin ýörite programma üpjünçiligini döretmek maslahatlaşyldy. Karz alýanlar we berýänler babatynda kanun çykaryjy esaslarynyň kämilleşýändigi aýratyn ebllendi.

Maslahatyň barşynda türkmen ykdysadyýetiniň esasy orunlarynyň daşary ýurtlara satmaga ukyply we getirilýän harytlaryň ýerini tutup bilýän önümleriň öndürilmeginiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň türkmen manadynyň durnuklylygyny saklamagyna oňyn täsirini ýetirýändigi aýdyldy. Daşary ýurtlara satylýan harytlaryň paýy artýar, milli bazarymyzda daşary ýurt harytlary hil taýyndan, ekologiýa babatyndan we özüne düşýän gymmatynyň azlygyndan bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Senagatyň ösmegi we döwrebap gurluşlar täze önümçiligi we milli önümçiligi ýerlemek maksatnamasynynyň amala aşyrylmagy ilata iş we üpjünçilik taýdan oňyn täsirini ýetirýär.

Maslahatda şeýle hem, türkmen wolýutasynyň taryhy, 2009-njy ýylda geçirilen denominasiýanyň oňyn täsirleri barada çykyşlar okaldy. Taryhy-medeni ýadygärlikleriň we Türkmenistanyň häzirki ösüşleriniň öwüşginleri täze banknot nusgalarynyň bezegi barada çykyşlar hem edildi.

Milli manadymyzyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyny mynasybetli geçirilen maslahat, Ykdysadyýet we ösüş institunda bolup geçdi, bu ýerde maliýe-bank ugurlarynda geljekki hünärmenler bilim alýar. Olar döwrebäp startegiýanyň ulanyşa girizmek, elektron söwdany ösdürmeli. Şonuň üçin hem okuw döwründe innowasiýa we döwrebap bilim tenhologiýalaryndan işjeň peýdalanýarlar, professor-mugallymlar talyp ýaşlaryň ylym-bilim almaklary we döretmekleri ugrunda ähli gujur-gaýratlaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter