Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen | TDH
Syýasat habarlary

Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ýoly bilen

опубликованно 21.04.2015 // 918 - просмотров
 

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde biziň ýurdumyzda sapar bilen bolýan Latwiýa Respublikasyndan Ýewpora parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda myhman milli parlamentiň düzümi we kanun çykaryjylyk işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň Mejlisiniň adam hukuklaryny goramak, halkara we parlamentara gatnaşyklary meselelerine degilip geçildi.

Türkmen jemgyýetini demakratiýalaşdyrmak boýunça özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle hem, ýurdumyzyň Mejlisiniň halkara hukuk kadalaryny milli-hukuk ulgamyna ornaşdyrmakda oňyn işi nygtalyp geçildi.

Ýewropanyň parlamenti bilen möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar oňyn gepleşikleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine özara gyzyklanma bildirilýändigini tassykladylar.

***

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropa parlamentiniň deputaty hanym Iweta Grigule bilen geçirilen duşuşygyň barşynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri söhbetdeşligiň esasy meselesi boldy.

Aşgabada saparynyň çäklerinde myhman 23-nji aprelde açylýan “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VII Halkara sergi-ýarmarkasyna, Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan çärelere gatnaşar, şeýle hem paýtagtymyzyň iri muzeýleriniň gymmatlyklary we ajaýyp künjekleri bilen tanşar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter