Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

03.06.2020 | Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni bellenildi

Ýurdumyz iri baýramçylyk çäresi bolan Bütindünýä welosiped gününi dabaralandyrdy. Bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy bilen esaslandyryldy.


03.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

ªu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň wekilleriniň Russiýa Federasiýasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ugurdaş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikleri geçirildi.


03.06.2020 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän halkara baýram — Bütindünýä welosiped güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda halklary we döwletleri jebisleşdirýän bu baýrama bagyşlanan dabaralaryň kalbymyzda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy has-da joşduryp, täze üstünliklere hem-de rowaçlyklara ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn!


02.06.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri A.Karimowyň arasynda geçirilen onlaýn gepleşiklerde netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


02.06.2020 | Çagalar-sagaldyş merkezlerinde tomus möwsümi badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen ajaýyp dabarasy boldy. Bu täsin künjekdäki merkezler her tapgyrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinden çagalaryň ýedi müňden gowragyny kabul edýär.


02.06.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Babaýew Rasul Dörtgulyýewiç işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.


02.06.2020 | Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow UCI-niň iň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy

Şu gün, Bütindünýä welosiped gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) prezidenti Dawid Lappartýen hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, Halkara welosipedçiler birleşiginiň Ýolbaşçy komitetiniň agzasy Igor Makarow bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.


02.06.2020 | Döwlet Baştutanynyň adyna hat gelip gowuşdy

Halkara welosipedçiler birleşiginiň (UCI) adyndan Türkmenistanda sporty we olimpiýa hereketini ösdürmäge uly goşandyňyz üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.


01.06.2020 | Türkmenistanyň we Ukrainanyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirildi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.


01.06.2020 | Çagalarymyzyň bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwaty

Şu gün Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk senenamasynyň sanawyna girizildi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter