Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.09.2019 | Ýurdumyzyň awtoulag binýadynyň üsti täze döwrebap ulaglar bilen ýetirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda awtoulag serişdeleriniň iň täze görnüşleriniň nobatdaky tapgyry, hususan-da, «KAMAZ 6520» ýük ulaglarynyň 200-si hem-de «Toyota Сorolla» kysymly ýeňil awtoulaglaryň 70-si «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki binýadynyň üstüni ýetirdi.


24.09.2019 | Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik — türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleriniň möhüm ugry

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Hoşzaman» hususy kärhanasynyň guşçulyk toplumynda ilkinji bir million jüýje çykaryldy.


23.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.


23.09.2019 | Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХII maslahaty geçirildi. Asylly däbe görä, ählihalk baýramyna — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp guralýan maslahatyň işine beýleki ýurtlarda ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly türkmenler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinden wekiller gatnaşdylar.


23.09.2019 | Paýtagtymyzda ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna gabatlanyp, Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işine başlady. Däp boýunça ählihalk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän giň gerimli sergide ýurdumyzyň döredijiligiň, okgunly ykdysady ösüşiň hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe abadançylygyň ýolunda gazanan täze üstünlikleriniň bitewi toplumy görkezildi.


23.09.2019 | Türkmen işewürleri gawuny Awstriýa eksport etmäge girişdiler

Indi Wenanyň ýaşaýjylary hem süýji, şireli we hoşboý ysly türkmen gawunlaryna mynasyp baha berip bilerler. Awstriýa Respublikasynyň paýtagtyna Türkmenistanyň agrosenagat toplumynda ýetişdirilen gawunlaryň 18,5 tonnasy eltildi.


23.09.2019 | Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi.


23.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.O.Ýazmyradow hakynda

Annageldi Orazberdiýewiç Ýazmyradowy Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden wagtlaýyn boşatmaly.


23.09.2019 | Türkmenistan saglygy goraýyş ulgamynda halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrýar

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň Referens barlaghanaly wirusologiýa bölümine dümew boýunça milli merkez diýen derejäniň berilmegini tassyklaýan güwänamanyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.


23.09.2019 | Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk gününiň 28 ýyllygy, şeýle hem bu milli baýrama bagyşlanan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter