Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.10.2018 | Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy PB-niň 139-njy Assambleýasynyň işine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi.


19.10.2018 | Türkmenistanyň DIM-niň wekilýeti Daşkentde duşuşyklar we geňeşmeler geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi.


19.10.2018 | Azerbaýjanyň Prezidenti we Premýer-ministri Türkmenistanyň DIM- niň wekilýetini kabul etdiler

18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekilýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.


18.10.2018 | “Türkmenpoçta” ilat üçin hyzmatlaryň görnüşlerini giňeldýär

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin görülýän anyk we netijeli çäreler häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine güýçli itergi berýär. Bu işde Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň poçta aragatnaşygyna hem uly orun degişlidir.


18.10.2018 | Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Daşoguz welaýaty

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda gowaça ekilen 140 müň gektar ýerden 230 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryň giňden işe girizilmegi ýygymyň güýçli depginini saklamaga ýardam berýär.


18.10.2018 | Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi

Şu gün ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.


18.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.


17.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


17.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


17.10.2018 | Garabogaz karbamid zawodynyň önüminiň ilkinji tapgyry eksporta ugratmaga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter