Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.10.2018 | Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri dabaraly açyldy

Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň maksatnamasy nesilden nesle geçip gelýän we aýawly saklanylýan medeni däpler, şeýle hem häzirki döwürde olaryň ösüşi barada giň düşünje almaga mümükinçilik berýär.


14.10.2018 | Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Täjigistana geldi

Aşgabat, 13-nji oktýabr. Paýtagtymyzyň demir ýol menzilinde türkmen wekiliýetini ýurdumyzyň Medeniýet günlerine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna ugratmak dabarasy boldy.


13.10.2018 | Täze söwda merkezi paýtagtyň durmuş-ýaşaýyş düzümleriniň üstüne goşuldy

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň awgust aýynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň meýdanynda gurlan jaýlardaky öýleri şäher ilatyna bermek barada karar kabul etdi, şeýle hem söwda merkezini döretmek boýunça tabşyryk berdi, ol şu gün dabaraly ýagdaýda ulnamaga berildi.


13.10.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.


12.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem Täze ýyla çenli galan döwrüň içinde öňde duran wezipeler kesgitlenildi.


12.10.2018 | Resmi habarlar

Oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, oba hojalygyna innowasiýalary, döwrebap tilsimatlary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ygtyýarly banklaryna daýhan birleşiklerine, daýhan hojalyklaryna, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetlerine, oba hojalyk ylmy-barlag institutlaryna, mülkdarlara, kärendeçilere, oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy telekeçilere we döwlete dahylsyz ýuridik şahslara — dahyllylara:


12.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetini üýtgedip guramak hakynda

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň iş görnüşlerini giňeltmek we içerki bazaryň balyk önümleri bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, karar edýärin:


12.10.2018 | Durnukly ösüşiň maksatlarynyň taslamalaryna maýa goýumlary boýunça okuw maslahaty

Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüşiň maksatlaryny maýa goýumlary bilen maliýeleşdirmegiň täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi. Ony Durnukly ösüşiň maksatlarynyň biraýlygynyň çäginde Beýik Britaniýanyň ilçihanasynyň goldamagynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilelikde gurady.


11.10.2018 | Türkmenistanyň we Owganystanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň arasynda ylalaşyga gol çekildi

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi.


11.10.2018 | Resmi habar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen estetiki bejeriş hyzmatlaryny etmek we Aşgabat şäherinde awtoulaglary saklamak boýunça üpjünçilik ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter