Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.11.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze binagärlik we şähergurluşyk ulgamyny kemala getirmek, ýurdumyzyň ilatynyň medeni-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.


30.11.2018 | Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de gazak we türkmen artistleriniň bilelikdäki konserti boldy. Bu çärä aýdym-saz we tans sungatynyň köp sanly janköýerleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.


29.11.2018 | Halkara ulag maslahaty - daşary ýurt metbugatynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 28-nji noýabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine bagyşlanyp geçirilen halkara ministrler maslahaty daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi. Olar bu maslahatyň “Lapis Lazuli” (Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi babatda bolşy ýaly, Beýik Ýüpek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzümleriniň mümkinçilikleriniň belende galmagy boýunça ägirt uly ähmiýete eýedigini bellediler.


29.11.2018 | Binagärlik we gurluşyk — durmuş-ykdysady strategiýanyň beýany

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sanynyň daşky sahaby bu owadan neşiri eline alan okyjyny ilkinji pursatdan tomsuň jümmüşine alyp baryp, Hazar deňziniň güneşli kenaryny ýatladýar. Bu ýerde iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” akwaparky açyldy. Eger täze dynç alyş merkeziniň düzüminde üsti ýapyk akwaparkyň bardygyny hem göz öňünde tutsaň, onda birnäçe aý mundan ozalky günleriň ýatlanylmagy türkmen dynç alyş künjegine öňümizdäki gyş möwsüminde hem gelmäge çakylyga öwrülýär.


29.11.2018 | Edermenligiň we watançylygyň mekdebi

Islendik ýurduň geljegi sazlaşykly ösen, sagdyn we watansöýüji ýaş nesil bolup durýar. Ýaragly Güýçlerde harby gulluk ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işinde aýratyn orun eýeleýär. “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, harby gullugy 18 ýaşyna ýeten hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlaryň hemmesi geçmelidir.


29.11.2018 | Jemgyýetçilik ösüşiniň bähbidine ylmyň we işewürligiň hyzmatdaşlygy

Ylym tutuş adamzadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr, taryhda ösüşleriň binýadydyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmy we bilimi ösdürmäge uly üns berýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň dikeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegine itergi beren taryhy waka boldy. Häzirki wagtda bu edara onunjy ýyl üstünlikli işleýär. Şol geçen döwrüň dowamynda möhüm kanunçylyk namalarynyň birnäçesi — hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanda ylym ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky”, “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň işi hakyndaky”, “Bilim işgäriniň derejesi hakyndaky” Kararlary we beýlekiler kabul edildi.


29.11.2018 | Doganlyk halklaryň ruhy gatnaşyklarynyň däplerini baýlaşdyryp

Şu gün paýtagtymyzda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäre köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge täze itergi bermäge gönükdirilendir.


29.11.2018 | Türkmenistanda Panamanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Panama Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Migel Umberto Lekaro Barsenasdan ynanç hatyny kabul etdi.


28.11.2018 | Türkmenistan — halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmegiň başyny başlaýjy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahaty geçirildi.


28.11.2018 | Türkmenistanda Latwiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mihails Popkowsdan ynanç hatyny kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter