Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

08.11.2019 | Lebap welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Şu gün Amyderýa jülgesiniň pagtaçylary döwlete pagta satmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar taýýarlaýyş nokatlaryna ýokary hilli “ak altynyň” 300 müň tonna golaýyny tabşyrdylar, munuň özi 120 müň gektar meýdana ekilen gowaçanyň ýokary hasyl berendigini alamatlandyrýar.


08.11.2019 | Resmi habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini gurmak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 4-nji martynda çykaran 1160-njy Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, edaralara, kärhanalara we guramalara Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.


07.11.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary

Düýn resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna gelen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte, şeýle hem bu ýurduň Prezidenti Serjio Mattarella bilen gepleşikler geçirdi.


07.11.2019 | Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Şu gün, Hasyl toýunyň öň ýanynda, Balkan welaýatynyň pagtaçylary pagta çig malyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


07.11.2019 | Balkan welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Sizi welaýat boýunça 5 müň tonnadan gowrak «ak altyny» Watan harmanyna tabşyryp, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli ýerine ýetirendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


06.11.2019 | Türkmenistan we Italiýa netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Italiýa Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.


06.11.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.


06.11.2019 | Daşoguz welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Şu gün Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary «ak altyn» öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 140 müň gektar meýdandan Watan harmanyna 230 müň tonnadan gowrak pagta hasylyny tabşyrdylar.


06.11.2019 | Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçylaryna, ýygymçylaryna, mehanizatorlaryna we ähli oba hojalyk işgärlerine

Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda giňden bellenýän Hasyl toýunyň öňüsyrasynda sahawatly türkmen topragyndan welaýat boýunça «ak altynyň» 230 müň tonnadan gowragyny öndürip, bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamaňyzy üstünlikli berjaý edendigiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan asylly işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.


05.11.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter