Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.01.2019 | «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň çärelerine dabaraly badalga berildi

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2019-njy ýylyň “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýylyň dowamynda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. Şeýle çäreler ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de geçirildi.


09.01.2019 | Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar

Şu gün bu ýerde ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edilen önümçilik maksatly desgalaryň ikisiniň açylyş dabaralary boldy. Şu mynasybetli dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.


08.01.2019 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.


08.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Täze ýylda bagt we rowaçlyk arzuw edýäris.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze, 2019-njy ýylda ilkinji wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.


07.01.2019 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň orunbasary Aýdogdy Geldimämmedowiç Nurgeldiýew Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY G.B.ANNAÝEW hakynda

Gurbanmuhammet Babajanowiç Annaýewi Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY NAZAROW T. hakynda

Nazarow Töregylyjy, işde goýberen kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY H.A.NURŽANOW hakynda

Halžan Atažanowiç Nuržanowy Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.


07.01.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY ABDYŞÜKÜROW S.O. hakynda

Abdyşükürow Süleýman Orunbaýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter