Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ekerançylaryň zähmet üstünligi hakynda hasabatlary kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerinden pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilendigi hem-de Balkan welaýatynyň häkiminden miwe-gök önümlerini öndürmegiň bellenilen mukdarynyň tabşyrylandygy baradaky hasabatlary kabul etdi.


08.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Tamaş Aýany kabul etdi.


08.11.2018 | 2018-nji ýylyň dünýä birinjiliginiň täze baýrak eýeleri

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýaryşlaryň sekizinji güni tamamlandy, onda erkekleriň arasynda 102 kilograma çenli hem-de zenanlaryň arasynda 81 kilograma çenli agramlyk derejelerde ýeňijiler belli boldy.


08.11.2018 | Türkmen döwletiniň Baştutanynyň döredijilik syýasaty döwürleýin neşirleriň sahypalarynda

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynda eden çykyşlary bilen açylýar.


08.11.2018 | Lebap welaýatynyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler

Şu gün, Hasyl toýunyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gündogar sebitiniň oba zähmetkeşleri pagta öndürmek baradaky şertnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


08.11.2018 | Türkiýede «Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ylmy maslahat we adybir kitap bilen tanyşdyryş geçirildi

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahat we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adybir kitabynyň türk dilindäki nusgasy bilen tanyşdyryş geçirdi.


07.11.2018 | Dünýä çempionaty - 2018: Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bäsdeşlerinden öňe saýlanýar

Paýtagtymyzda agyr atletika boýunça dünýäde birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlar dowam edýär. Erkekleriň arasynda 96 kilograma çenli agramlyk derejedäki bäsleşiklerde eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi öňe saýlandy. Ol Rio-de Žaneýroda çempion, 2017-nji ýylda dünýäniň çempiony, 2018-nji ýylda Jakartada geçen Aziýa oýunlarynyň, şeýle hem geçen ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem ýeňiji boldy.


07.11.2018 | Ahal welaýaty pagta ýygnamak boýunça borçnamasyny ýerine ýetirdi

Ahalyň ekerançylary uly zähmet ýeňşini gazandylar, olar welaýatlaryň arasynda ýurdumyzda ilkinji bolup, pagta hasylyny ýygnamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, şunda Watan harmanyna 207 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryldy.


07.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň ösdürilişi bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkezine bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde Türkmenistanyň baş usulyýet merkezi bolan Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.


06.11.2018 | Dünýä çempionaty — 2018: agram derejeleriniň ýene-de iki görnüşinde dünýä çempionlary kesgitlenildi

Şu gün Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 71 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşlar geçirildi. B toparda çykyş edýän biziň türgenimiz Gülnabat Kadyrowa birden götermekde ikinji orny eýeläp, öňdäki orna mynasyp bolan bäsdeşinden bary-ýogy bir kilogram yza galdy. Itekläp götermekde ol ýedinji orny, umumylykda bolsa, öz toparynda üçünji orny eýelemek bilen, iň güýçli on türgeniň hataryna girdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter