Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde gurady.


15.12.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan gelen täjirler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody, tehniki ýody satyn aldylar.


14.12.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyna hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatynyň wajyp meselelerine garaldy.


14.12.2018 | Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi.


14.12.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewiň üstüne ýüklenildi.


14.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Durdymyradow K.H. hakynda

Durdymyradow Kerim Hajyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


14.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Mergenow H.M. hakynda

Mergenow Hoşgeldi Muhammetberdiýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň senagat ministri wezipesinden boşatmaly.


14.12.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa pudaklarynyň işgärlerine

Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.


13.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Garnik Badalýany kabul etdi. Оl döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.


13.12.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Ankara şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren otly heläkçiligi zerarly, gynanç hatyny iberdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter