Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr

Şu gün, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň — kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar bol­dy.


18.07.2018 | Türkmenistanyň şypahanalary - tebigy, saglygy goraýyş we ykdysady mümkinçilikleriň toplumy

“Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli syýasatyň taglymat esasy bolan şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär.


18.07.2018 | “Demokratiýa we hukuk” žurnaly

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


18.07.2018 | Yssy günleri aşa gyzmakdan nähili goranmaly?!

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tomus paslynyň häzir dowam edýän yssy döwri bilen baglylykda bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin özüňi alyp barmagyň kadalaryny we maslahatlaryny taýýarlady.


17.07.2018 | Halkymyzyň abadançylygy durmuş ugurly syýasatyň baş maksadydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda döwletimizi dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň hataryna çykarmak, halkymyzyň hal — ýagdaýyny has-da gowulandyrmak wezipeleri goýulýar.


17.07.2018 | Nepalda taekwondo boýunça türkmen ussatlary altyn medallary gazandylar

Türkmenistanyň taekwondo boýunça ýygyndy topary (ITF görnüşi) Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçirilen Günorta Aziýanyň VI açyk çempionatynda umumy sanawda ikinji orny eýeledi.


16.07.2018 | Türk­me­nis­tan ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dün­ýä­de öň­de bar­ýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ila­tyň sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm ugur­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýar.


16.07.2018 | Ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na dok­ma se­na­ga­tynyň go­şan­dy

Da­şa­ry ýurt­lar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­çi­li­giň gör­nüş­le­ri­niň möç­be­ri­ni art­dyr­mak, ýur­du­my­zyň eks­port kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri bo­lup dur­ýar.


16.07.2018 | Jiu-jit­su bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýy­gyn­dy to­pa­ry­myz 18 me­da­la my­na­syp bol­dy

Türk­men tür­gen­le­ri jiu-jit­su bo­ýun­ça Ak­tau (Ga­za­gys­tan) şä­he­rin­de ta­mam­la­nan Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da ýig­ri­mä go­laý me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Ýa­ryş­la­ra 20 ýurt­dan dört ýü­ze go­laý tür­gen gat­naş­dy.


15.07.2018 | Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter