Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Ser­geý Ko­go­gi­ni ka­bul et­di.


10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýol­baş­çy­sy­ny we çem­pio­ny­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry, sport aw­to­mo­bil­le­ri ýa­ry­şyn­da dün­ýä­niň iki ge­zek çem­pio­ny, ýol­suz ýer­de ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­nyň en­çe­me ge­zek eýe­si, “Pa­riž — Da­kar” we “Af­rica Eco Race” ral­li-ma­ra­fon­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­se­ri ka­bul et­di.


10.09.2018 | “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň hor­ma­ty­na

«Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» şy­ga­ry bi­len geç­ýän ýy­lyň şan­ly wa­ka­la­ry­nyň bi­ri «Amul — Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­dal­ga be­ril­me­gi­niň öň ýa­nyn­da ýur­du­my­zyň Mer­ke­zi ban­ky her bi­ri­niň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş ýa­dy­gär­lik teň­ňe­le­ri goý­ber­di.


10.09.2018 | Türkmen neşirleri halkara bäsleşigiň sylaglaryna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çykarylan kitaplaryň dördüsi Russiýa Federasiýasynda 31-nji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde geçirilen GDA agza ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşigiň abraýly sylaglaryna eýe boldular.


09.09.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy


08.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


08.09.2018 | Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Energetika senagatynyň zähmetsöýer işgärlerine

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda giňden bellenýän Energetika senagatynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


07.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi, onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine seredildi.


07.09.2018 | Awtomobil ýaryşlarynyň dünýä derejesindäki ussatlary Türkmenistana gelýärler

Şu gün paýtagtymyzyň howa menzilinde Pariž — Aşgabat ugry boýunça uly wekiliýet geldi. Olaryň düzüminde “Amul — Hazar 2018” awtorallini bilelikde guraýjy fransuz kompaniýasynyň wekilleri, hatarynda Beýik Britaniýadan, Çehiýa Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan meşhur sürüjiler bolan ýaryşa gatnaşyjylar hem-de bu ýaryşlary beýan etjek žurnalistler — umuman, 117 adam bar.


07.09.2018 | Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter