Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

17.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: “Mollagara” şypahanasy

Şu günler Türkmenistanyň iň gadymy şypahanalarynyň biri — «Mollagara» şypahanasy öz täze taryhynyň nobatdaky senesini bellemäge taýýarlyk görýär. Ýedi ýyl mundan öň — 2012-nji ýylyň 21-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda palçyk bilen bejerýän meşhur künjekde döwrebap şypahana toplumy açyldy. Mollagara kölüniň ýanynda gurlan ajaýyp şäherjigiň ýokary amatlylyk derejesine bu ýerde bolup gören hem-de türkmen tebigatynyň şypasy bilen saglygyny dikelden adamlaryň müňlerçesi baha bermäge mümkinçilik aldylar.


17.07.2019 | Taryhy-medeni miras — ýurdumyzyň we tutuş adamzadyň gymmatlygy

Ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


17.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Komissiýasynyň saýlanan Başlygyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hanym Ursula fon der Lýaýene Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy mynasybetli Gutlag hatyny we oňa iň gowy arzuwlaryny ýollady.


16.07.2019 | Demokratiýa we hukuk — döwletiň döredijilikli syýasatynyň sütünleri

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan, çärýekde bir gezek çykýan «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly ћurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


16.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde: «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalary

Sanatoriýa-şypahana ulgamy — Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm bölegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet durmuş syýasatynyň ähmiýetli ugry bolup durýar. Bu gün ýurdumyzyň her welaýatynda döwrebap şypahanalar bolup, olarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däbe öwrülen usullary, şeýle hem ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy we howa şertleri bilen utgaşdyrylýar.


15.07.2019 | Türkmenistanyň şypahana hyzmaty ulgamy dünýä derejesinde «Berzeňňi» şypahanasy

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş pudagyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan şypahana-dynç alyş ulgamyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine, türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynda aýratyn möhüm orun degişlidir.


15.07.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş wagtyny kitap ýazmaga bagyşlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadynyň ilkinji gününde döredijilik bilen meşgullandy, şu pursatlarda Gahryman Arkadagymyzyň agtyklary bilen bolmagy maşgala gymmatlyklarynyň durmuşyň aýrylmaz bölegidigini ýene bir gezek subut etdi.


14.07.2019 | Türkiýede Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi

Şu gün Atatürk uniwersitetiniň medeniýet merkeziniň «Milli erk» binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.


14.07.2019 | Paýtagtymyzyň şäher gurluşygyny ösdürmek wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde iri durmuş ugurly taslamany amala aşyrmak — belent binalary bolan täze ýaşaýyş toplumyny döretmek meseleleri boýunça maslahat geçirildi, bu toplumda ýüz müňden hem gowrak adam ýaşar.


14.07.2019 | Türkmen bilermenleri taryhyň täze numizmatik subutnamalaryny öwrenýärler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ikinji kitabynda bu täsin söwda ýoly bilen baglanyşykly taryhy künjekleriň örän möhüm ähmiýeti barada gürrüň berýär, bu ýol köp asyrlaryň we hatda müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň iki böleginiň halklaryny birleşdirmek üçin hyzmat edipdir.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter