Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

30.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo “Lion Air” awiakompaniýasynyň uçarynyň köp sanly adam pidalaryna getiren heläkçilige uçrandygy zerarly, çuňňur gynanjyny ýollady.


30.10.2018 | Hazaryň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň mejlisi

Paýtagtymyzda Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy boýunça utgaşdyryjy komitetiň (HGUK) nobatdaky maslahaty açyldy.


29.10.2018 | Türkmenistan — Rumyniýa: bilim ulgamynda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi

Söwda-ykdysady ulgamda bolşy ýaly, ynsanperwer-medeni ulgamda hem, hususan-da, bilim ugry boýunça netijeli gatnaşyklary ýokarlandyrmakda türkmen-rumyn hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyna türkmen wekiliýetiniň Rumyniýa bolan iş sapary aýdyň şaýatlyk etdi.


29.10.2018 | Türkmenistanda Horwatiýanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Paýtagtymyzda Horwatiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň hem-de olaryň çäklerinde geçirilýän dostlukly döwletiň maddy däl medeni mirasyna bagyşlanan fotoserginiň açylyş dabarasy boldy.


29.10.2018 | Ahal welaýatynda täze döwrebap obalaryň gurluşygyna badalga berildi

Kaka etrabynyň “Gowşut” hem-de Ak bugdaý etrabynyň “Öňaldy” geňeşlikleriniň çäklerinde döwrebap obalaryň binýadyny tutmak dabaralary geçirildi.


29.10.2018 | Bäherden etrabynyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ekerançylary pagta hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


29.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgala agzalary bilen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.


29.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Barham Salihi Yrak Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


28.10.2018 | Türkmenistanly pälwanlar dünýä çempionatynda 14 medal gazandylar

Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde erkekleriň we zenanlaryň arasynda nusgawy hem-de erkin görnüşlerde guşakly göreş boýunça dünýä çempionaty ýurdumyzyň ýygyndy topary üçin üstünlige beslendi. Ýaryşlara 38 ýurtdan 200-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen türgenleri 14 medala — dört altyn, alty kümüş we dört bürünç medala mynasyp boldular.


28.10.2018 | Aşgabatda iri sport ýaryşynyň komitetleriniň mejlisleri geçirilýär

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda 1-nji noýabrda badalga beriljek Agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň lukmançylyk, tehniki, tälimçiler we ýerine ýetiriji komitetleriniň ilkinji mejlisleri geçirildi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter