Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

26.10.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, mejlisde Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişiniň barşyna, şeýle hem halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içerki syýasatynyň meselelerine garaldy.


26.10.2018 | Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-täjik toparynyň sekizinji mejlisi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin ýurdumyzyň esasy ministrlikleriniň ýolbaşçylaryndan we hünärmenlerinden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerinden ybarat uly topar Täjigistanyň paýtagtyna geldi.


26.10.2018 | Durmuş maksatly nobatdaky binalaryň düýbi tutuldy

Paýtagtymyzdaky Gurtly ýaşaýyş toplumynda häzirki zaman binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.


26.10.2018 | Telekeçiler daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeldýärler

Oguzhan etrabynda ýylda 20 müň kub metr agaç gyryndysynyň dykyzlandyrylan gatlagyny öndürýän (DSP) zawodyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy.


26.10.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Baýramdurdyýew Merdan Orazgeldiýewiç özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.


25.10.2018 | Türkmenistan - ABŞ: Durnukly ösüşiň maksatlarynda işewür hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzda nobatdaky Türkmenistan — ABŞ ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin ýurdumyza Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetirýän hanym Emiliýa Pumanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.


25.10.2018 | Gökdepe etraby döwlet tabşyrygynyň ýerine ýetirilendigi barada ilkinji bolup hasabat berdi

Şu gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň daýhanlary pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilendigi hakynda ýurdumyzda ilkinji bolup hasabat berdiler. Olar Watan harmanyna 9 müň 250 tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.


25.10.2018 | Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriniň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi işini tamamlady. Mejlis Daşary işler ministrligi, Senagat ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň hünär ugurly düzümleriniň esasy hünärmenleri hem-de bu ulgamyň bilermenleri gatnaşdylar.


25.10.2018 | Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalar açyldy

Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde nobatdaky täze dört gatly döwrebap ýaşaýyş jaýy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Üç we dört otaglardan ybarat täze bina Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrunda «Sülgün» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan paý esasynda guruldy. Ol bu ýerde gurlan beýleki köp öýli jaýlar bilen birlikde, şäheriň şu etrabynda döredilen ýaşaýyş toplumynyň üstüni ýetirdi.


25.10.2018 | “Demokratiýa we hukuk” žurnaly

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan üç aýda bir gezek çap edilýän neşiriň nobatdaky sanynyň sahypalarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlary beýan edilýär, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli özgertmeleriň we demokratik özgerişlikleriň mazmunyny we häsiýetini açyp görkezýän habar beriş we seljeriş makalalary çap edilýär.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter