Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.08.2018 | Türkmen zyýaratçylary Mekgeden dolanyp geldiler

Şu gün Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgä we Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman gaýdyp geldiler.


27.08.2018 | Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen maslahat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de 24-nji aw­gust­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp, şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­ga da­şa­ry ýurt­la­ryň Türk­me­nis­tan­da iş­le­ýän dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we ýer­li köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.


27.08.2018 | Aziadada türkmen agyr atletikaçylary dördünji orny eýeledi

ХVIII Tomusky Aziýa oýunlarynda agyr atletika boýunça ýaryşlar tamamlandy. Däp boýunça, has uly agramdaky türgenler iň soňunda çykyş etdiler. Ýurdumyza 105 kilogramdan ýokary agramlyk derejesinde çykyş edip, dördünji orny eýelän Hojamuhammet Toýçyýew wekilçilik etdi.


27.08.2018 | Türkmenistanda Bahreýn Patyşalygynyň ilçisi işe başlady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ebrahim Ýusuf Al Abdulladan ynanç hatyny kabul etdi.


26.08.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçdi

Dynç gü­ni hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz en­di­gi­ne eýe­rip, wag­ty­ny sport bi­len meş­gul­lan­ma­ga ba­gyş­la­dy hem-de tä­ze ýa­ryş aw­tou­la­gyn­da tür­gen­le­şik ge­çip, onuň te­bi­gy çöl­lük şert­ler­de teh­ni­ki hä­si­ýet­na­ma­la­ry­ny sy­nag­dan ge­çir­di. Sy­nag ma­ha­lyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň çyl­şy­rym­ly şert­le­rin­de uzak ara­ly­gy geç­di.


26.08.2018 | Medallar ugrunda

Häzirki wagtda dowam edýän tomusky Aziýa oýunlarynda jiu-jitsu boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmen türgenleriniň tutanýerliligine garamazdan Kemal Meredowyň (56 kilograma çenli) “ne-waza” görnüşinde mynasyp bolan bürünç medalyndan başga, olary ýeňşe örän ýakynlaşsalar-da, ýeňşi elden giderdiler.


26.08.2018 | Döwlet Baştutanynyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

“Gurban baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy kabul ediň. Beýik Biribardan hemmämize abadançylyk, bagt we rowaçlyk dileýärin” – diýlip, Ýemen Respublikasynyň Prezidenti Abd-Rabbu Mansur Hadiniň gutlagynda aýdylýar.


25.08.2018 | AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň jemleri boýunça maslahat

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­r ins­ti­tu­tyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de düýn «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň Kong­res­ler mer­ke­zin­de ge­çi­ri­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­niň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di.


25.08.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çigmal biržasynda geleşikleriň 14-si bellige alyndy.


24.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry Azia­da­nyň ikin­ji bü­rünç me­da­ly­ny ga­zan­dy

Şu gün, XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň al­tyn­jy gü­nün­de türk­men to­pa­ry­nyň ga­za­nan­la­ry­nyň üs­ti ýe­ne-de bir bü­rünç me­dal bi­len art­dy. Mu­nuň özi Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da jiu-jit­su bo­ýun­ça ýa­ryş­lar­da “ne-wa­za” gör­nü­şin­de Türk­me­nis­ta­nyň il­kin­ji baý­ra­gy­dyr.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter