Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.10.2018 | Hökümetara türkmen-saud toparynyň mejlisi

Şu gün ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ikitaraplaýyn işewürlik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň wezipelerine garaldy.


18.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň söwda we maýa goýumlar ministrini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň altynjy mejlisiniň işine gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabini kabul etdi.


17.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze polimer zawodynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


17.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi

Şeýle hem bu ýerde, gazhimiýa toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi.


17.10.2018 | Garabogaz karbamid zawodynyň önüminiň ilkinji tapgyry eksporta ugratmaga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde açylan polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumy ýurdumyzyň gazhimiýasy senagatynyň desgalarynyň üstüni ýetirdi.


17.10.2018 | Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Mary welaýaty

Möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymynyň depgini barha güýçlenýär, «ak altynyň» müňlerçe tonnasy her gün ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine gelip gowuşýar. Ýer eýeleri yhlasly, agzybir zähmeti bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmagyň bähbidine Watanymyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerine şu ýyl abraý bilen hötde gelmek üçin ýygym möwsüminiň depginini barha ýokarlandyrýarlar.


16.10.2018 | Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy etrabynda täze gazhimiýa önümçilik toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.


16.10.2018 | Pagta ýygymy möwsüminiň depgini: Lebap welaýaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýetişdirilen bol pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz we ýokary hilli ýygnap almak barada pagtaçylaryň öňünde goýan möhüm wezipeleri Amyderýa jülgesiniň ekerançylaryny ýygym möwsüminiň depginini güýçlendirmäge ruhlandyrdy. Ekerançylaryň we şu ýylky möwsüme gatnaşyjylaryň ähli tagallalary pagta ýygymynyň gysga möhletlerde tamamlanmagyna gönükdirilendir.


16.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “LG International Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “LG International Corporation” kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory Song Çi Hony kabul etdi.


16.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Hyundai Engineering Co., Ltd” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Sung Sang-Roky kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter