Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

28.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA Siziň Alyhezretiňiz, Awstraliýanyň Hökümetiniň, halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.


28.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Olimpiýa stadionynda geçirilen dabaralara gatnaşdy

28-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň stadionynda nurana we ajaýyp baýramçylyk bolan ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli giň möçberli sahnalaşdyrylan çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.


28.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp at çapyşyklary geçirildi.


27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Türk­me­nis­tan­da baş döw­let baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni uly we köpöwüş­gin­li da­ba­ra­lar bi­len bel­le­nil­di. Bu baý­ram­çy­lyk il­deş­le­ri­mi­ziň äh­li­si üçin eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­ba­lyn­da tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myň baş­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.


27.09.2018 | Türkmen wekiliýeti BMG-de saglygy goraýyş ulgamy boýunça iş maslahatyna gatnaşdy

Nýu-Ýork­da geç­ýän BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 73-nji mej­li­sin­de umu­my ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ryň çäk­le­rin­de 26 — 27-nji sent­ýabr­da in­çe­ke­se­li ýok et­mek we ýo­kanç däl ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça ýo­ka­ry de­re­je­li iş mas­la­ha­ty geç­di.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­ly baý­ram­çy­lyk ýö­ri­şi­niň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­my­zyň baş meý­da­nyn­da­ky döw­let mün­be­ri­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gys­ga mej­li­si­ni ge­çir­di.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow öz egin­deş­le­rin­den — Mej­li­siň Baş­ly­gyn­dan, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ryn­dan, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ryn­dan, we­la­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­kim­le­rin­den ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gut­lag­la­ry ka­bul et­di.


27.09.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün türk­me­nis­tan­ly­lar özü­niň esa­sy mil­li baý­ra­my bo­lan Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ni bel­le­ýär.


27.09.2018 | Ýük Ulag Merkezi kompaniýasy gabarasy bellenilen çäkden çykýan ýükleri daşamak ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär

Geostrategiýa taýdan amatly ýerleşýän we halkara hyzmatdaşlygynyň ulag diplomatiýasy ýaly ugruny işjeň ösdürýän Türkmenistan logistika hyzmatlarynyň dünýä segmentinde barha işjeň ähmiýete eýe bolýar.


27.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy

Onuň Aly­hez­re­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç! Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den çyk­ýan gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň!



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter