Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

27.09.2018 | Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistanyň halkyna

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li baý­ra­my — tä­ze se­ne­na­ma­my­za la­ýyk­lyk­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» diý­lip yg­lan edi­len 2018-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da il­kin­ji ge­zek giň­den bel­len­ýän Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Ga­raş­syz­lyk ber­ka­rar­ly­gy­my­zyň, ag­zy­bir­li­gi­mi­ziň we je­bis­li­gi­mi­ziň berk bin­ýa­dy­dyr.


26.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Rö­ne­sans Hol­ding” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rö­ne­sans Hol­ding” türk kom­pa­ni­ýa­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy Er­man Yly­ja­gy ka­bul et­di.


26.09.2018 | Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk kon­ser

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň döwlet konserti boldy.


26.09.2018 | Mil­li ýö­rel­ge­ler — türk­men hal­ky­nyň ru­hy bin­ýa­dy

Şu gün paýtagtymyzyň “Parahat - 7” ýaşaýyş toplumynda “Hezreti Omar” metjidiniň açylyş dabarasy boldy, oňa Türkmenistanyň müftüsi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, şeýle hem hormatly ýaşulular, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda bolan bu waka öz köklerini gadymyýetden alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiziň we däp-dessurlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň we artdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.


26.09.2018 | Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň eder­men­li­gi bi­len ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­çy­lyk ru­hy ýo­kar­lan­ýar

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň Mer­ke­zi Ser­ker­de­ler öýün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýe­wiň my­na­syp bo­lan “Eder­men­li­gi üçin” di­ýen me­da­ly­ny Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 1-nji har­by mek­de­be gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.


26.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna daşary ýurtlardan gutlag hatlary gelip gowuşýar


26.09.2018 | Pygy Baýramdurdyýew Türkmenistanyň “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň çeper-döredijilik bölüminiň baş režissýory Pygy Hojamuhammedowiç Baýramdurdyýew “Galkynyş” ordeni bilen sylaglandy.


26.09.2018 | Ýur­du­my­zyň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne go­şant üçin döwlet sy­lag­la­ry

Şu gün paý­tag­ty­myz­da halk ho­ja­ly­gy­nyň dür­li pu­dak­la­ry­nyň iň go­wy iş­gär­le­ri­ne, önüm­çi­li­giň öň­de­ba­ry­jy­la­ry­na, özyg­ty­ýar­ly Türk­me­nis­ta­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösü­şi­ne, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň be­len­de gal­ma­gy­na şah­sy go­şant go­şan mi­nistr­lik­le­riň, pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň, dü­züm­le­riň we gu­ra­ma­la­ryň iş­gär­le­ri­ne, dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri­ne ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny we hor­mat­ly at­la­ryň ber­len­di­gi­ni aň­lad­ýan ny­şan­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.


26.09.2018 | Ýurdumyzyň raýatlarynyň toparyna «Hormatly il ýaşulysy» ady dakyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda uly üstünlikler gazanylýar. Mukaddes Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylaýan Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalar bilen dabaralanýar. Agzybirligiň, jebisligiň, parahat hem-de abadan durmuşyň mekany bolan berkarar döwletimiz dünýäde dost-doganlyk we parahatçylyk söýüjilik daşary syýasaty bilen uly abraýa eýe bolýar.


26.09.2018 | Türkmen halkynyň tapawutlanan zenanlary «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglandy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzyň her bir güni zähmet ýeňişlerine beslenip, Garaşsyz Watanymyzy ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Geçirilýän bu beýik işlere zenanlarymyz hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramyny mynasyp garşylaýarlar. Agzybir jemgyýetimizde jebisligi has-da berkitmäge saldamly goşant goşýarlar.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter