Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

19.09.2018 | Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si öz işi­ne baş­la­dy

Paý­tag­ty­myz­da ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy ga­za­nan­la­ry­nyň ser­gi­si açyl­dy. Däp bo­ýun­ça Söw­da-se­na­gat eda­ra­sy ta­ra­pyn­dan Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my­nyň öň ýa­nyn­da gu­ral­ýan no­bat­da­ky yk­dy­sa­dy göz­den ge­çi­ri­liş öz ösü­şi­niň esa­sy ýo­lu­na dü­şen mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň haý­ran gal­dy­ry­jy üs­tün­lik­le­ri­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­na öw­rül­di.


19.09.2018 | Aş­ga­bat­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň ynsanperwer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty bol­dy

Paý­tag­ty­myz­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi. Däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne — äh­lu­mu­my baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän mas­la­ha­tyň işi­ne da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ge­len we­kil­ler gat­naş­dy­lar.


19.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti IV Ha­zar me­dia­fo­ru­my­na gat­naş­ýar

Şu gün­ler Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň As­t­ra­han ob­las­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de IV Ha­zar me­diafo­ru­my geç­ýär. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we il­kin­ji ge­zek Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we­ki­li­ýet­le­ri gat­naş­ýar­lar.


19.09.2018 | Baý­ram­çy­ly­gyň öň ýa­nyn­da­ky bi­na­gär­lik açy­lyş­la­ry

Paý­tag­ty­my­zyň gü­nor­ta bö­le­gin­dä­ki Pa­ra­hat — 7/3 ýa­şa­ýyş top­lu­myn­da gurlan tä­ze köp gat­ly jaý­la­ryň iki­si umu­my­mil­li baý­ram­çy­ly­gyň — ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň öň ýa­nyn­da aş­ga­bat­ly­la­ra aja­ýyp sow­gat bol­dy.


19.09.2018 | «Altyn asyr» AFK Kubogynyň interzolak final duşuşygynda deňme-deň oýnady

Azi­ýa Fut­bol Kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ku­bo­gy­nyň in­ter­zo­lak fi­na­ly­nyň du­şu­şyk­la­ry baş­lan­dy.


19.09.2018 | Dün­ýä türk­men­le­ri­niň ynsanperwer birleşiginiň XXI maslahatyna gat­na­şy­jy­la­ra

Si­zi Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty­nyň öz işi­ne baş­la­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn. Be­lent mak­sat­la­ra ruh­lan­dyr­ýan Mil­li baý­ra­my­myz bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 27 ýyl­ly­gy­nyň öň ýa­nyn­da ge­çi­ril­ýän bu mas­la­ha­tyň dün­ýä türk­men­le­ri­ni je­bis­leş­dir­mek, yk­dy­sa­dy, me­de­ni, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sy­ýa­hat­çy­lyk, sport, te­le­ke­çi­lik we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça ara­gat­na­şyk­la­ry­my­zy iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da örän mö­hüm äh­mi­ýe­ti­niň bol­jak­dy­gy­na berk ynan­ýa­ryn.


19.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 27 ýyl­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan ser­gä gat­na­şy­jy­la­ra

Si­zi Türk­me­nis­ta­nyň yk­dy­sa­dy üs­tün­lik­le­ri­niň Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 27 ýyl­lyk baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan ser­gi­si­niň açyl­ma­gy bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn! Türk­men döw­le­ti­niň baş baý­ra­my bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 27 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän bu ser­gi­niň uly üs­tün­lik­le­re eýe bol­ma­gy­ny tüýs ýü­rek­den ar­zuw ed­ýä­rin!


18.09.2018 | Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Amul — Ha­zar 2018” halkara aw­to­ral­li­si­niň ýe­ňi­ji­le­ri­ne we gat­na­şy­jy­la­ra baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ge­çen hep­de­de ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len hem-de ägirt uly üs­tün­li­ge bes­le­nen “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne gat­na­şan türk­men tür­gen­le­ri­ne – baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lan hem-de ýa­ry­şa gat­na­şan tür­gen­le­ri­mi­ze baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy.


18.09.2018 | Türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy: sag­ly­gy go­raý­şa in­no­wa­si­ýa­lar or­naş­dy­ryl­ýar

Aş­ga­ba­da ne­mes luk­man-pro­fes­sor­la­ry­nyň no­bat­da­ky to­pa­ry gel­di. Ola­ryň ýur­du­my­za ýy­gy-ýy­gy­dan gel­me­gi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da türk­men-ger­man hyz­mat­daş­ly­gy­nyň iş­jeň ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup dur­ýar.


18.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň PER­MA­NY

Ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy geç­ýän har­by gul­luk­çy­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­den, beý­le­ki go­şun­la­ryn­dan we har­by eda­ra­la­ryn­dan har­by gul­luk­dan bo­şat­mak we Türk­me­nis­ta­nyň ra­ýat­la­ry­nyň har­by gul­lu­ga no­bat­da­ky ça­gy­ry­ly­şy ha­kyn­da



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter