Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

18.05.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda ýörite taýýarlanan ýerde mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi.


18.05.2018 | Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

17-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça wezipelere garaldy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


18.05.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, awtomobil ulaglary ministriniň orunbasary Jumageldi Geldimyradowiç Garaýew awtomobil ulaglary ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.


18.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.A.Çaryýew hakynda


18.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany O.M.Suhanow hakynda


18.05.2018 | Şanly sene mynasybetli konsert

Şu gün paýtagtymyzyň owadan künjekleriniň birinde ýerleşen açyk sahna meýdançasynda geçirilen sungat ussatlarynyň konserti ählihalk baýramçylygynyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň ajaýyp döredijilik waspnamasy bolup ýaňlandy.


18.05.2018 | Astrahan oblastynda Türkmenistanyň Prezidentiniň sowgady bolan Magtymguly Pyragy adyndaky mekdep açyldy

Şu gün ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bellenýän wagty bu şanly senä bagyşlanan dabaraly çäreler daşary ýurtlarda hem geçirildi. Şunuň ýaly ajaýyp wakalaryň biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güýji bilen Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda gurlan mekdebiň açylyş dabarasy boldy.


18.05.2018 | Döwletliler köşgündäki baýramçylyk dabarasy

Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.


18.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy –biziň mizemez agzybirlimiziň nyşanydyr

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminden umumymilli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter