Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

07.09.2018 | Türkmen samboçylarynyň Çarwadarlaryň oýunlaryndaky üstünligi

Şu gün Gyrgyzystanda geçirilýän Çarwadarlaryň III Bütindünýä oýunlarynda sambo boýunça ýaryşlar başlandy, onda türkmenistanly türgenler ýeňiş gazanmagy başardylar. Biziň ýygyndymyz ýene-de üç medala — iki altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.


07.09.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary Şamuhammet Seýitliýewiç Nepesowyň üstüne ýüklenildi.


07.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Allagulyýew P.H. hakynda

Allagulyýew Polat Hemraýewiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


06.09.2018 | Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler fo­ru­my — işe­wür Ýew­ro­pa bi­len gep­le­şik­ler üçin oňaý­ly meý­dan­ça

Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­tyn­da, “Savoyen Vien­na” myh­man­ha­na­syn­da Türk­men-awst­ri­ýa işe­wür­ler fo­ru­my ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň uly we­ki­li­ýe­ti, Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň döw­let dü­züm­le­ri­niň hem-de işe­wür to­par­la­ry­nyň, beý­le­ki Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň en­çe­me­si­niň ýo­ka­ry we­zi­pe­li we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.


06.09.2018 | Çar­wa­dar­la­ryň oýun­la­ryn­da ýig­ri­mi üçün­ji me­dal

Çar­wa­dar­la­ryň III Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da aba gö­re­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di, on­da türk­men tür­gen­le­ri no­bat­da­ky kü­müş me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bu ge­zek 80 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de çy­kyş eden il­de­şi­miz Işan­my­rat Ata­ýew ta­pa­wut­lan­dy.


06.09.2018 | Aş­ga­bat­da hal­ka­ra pu­dak­la­ýyn ser­gi öz işi­ne baş­la­dy

Söw­da-se­na­gat eda­ra­syn­da iri pu­dak­la­ýyn fo­rum öz işi­ne baş­la­dy. Bu ýer­de “Türk­me­nis­ta­nyň ener­ge­ti­ka se­na­ga­ty­nyň ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry” ady bi­len hal­ka­ra ser­gi we mas­la­hat ge­çi­ril­ýär.


06.09.2018 | Baýramçylygyň öň ýanyndaky çäreleri utgaşdyrmak boýunça wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy

Aş­ga­bat şä­her hä­kim­li­gi­niň bi­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 27 ýyl­lyk baý­ram­çy­ly­gy­na, da­ba­ra­ly çä­re­le­ri gu­ra­ma­ga, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sü­ren de­giş­li we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge ba­gyş­la­nan mas­la­hat ge­çi­ril­di.


06.09.2018 | Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky hep­de­li­gi

Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň il­çi­ha­na­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­lan Ko­re­ýa­nyň türk­men paý­tag­tyn­da ge­çi­ril­ýän hep­de­li­gi­niň çäk­le­rin­de Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky mil­li saz­ly-dra­ma teat­ryn­da ko­reý halk tans to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­dy.


06.09.2018 | «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara

Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


05.09.2018 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň 2018-nji ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Ýaragly Güýçleriň ýakyn geljek üçin işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter