Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

24.06.2019 | Medeniýet hepdeligi-2019: üçünji gün

Balkan welaýatynda geçirilýän döredijilik forumynyň şu günki güni mazmun taýdan köpdürlüdir. Onuň maksatnamasyna milli medeniýetimiziň köpdürlüligini açyp görkezýän çäreler goşuldy. Olary taryh we häzirki döwür, gözbaşlar we dowamatlylyk ýaly umumy mazmun bilen birleşdirip bolar.


23.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.


23.06.2019 | Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi — 2019 çäresi badalga aldy

Şu gün Magtymguly etrabynyň dolandyryş merkezinde «Medeniýet hepdeligi — 2019» çäresiniň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda geçirilýän giň gerimli döredijilik forumy halkymyzyň ruhy baýlygyny gorap saklamaga we artdyrmaga gönükdirilendir.


22.06.2019 | Däne oragy möwsüminiň öňdebaryjylarynyň sany artýar

Görogly etrabynyň daýhanlary ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ilkinji bolup, däne taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň üstünlik bilen hötdesinden geldiler.


22.06.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 87-si hasaba alyndy.


22.06.2019 | Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Sizi Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!


21.06.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


21.06.2019 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin amatly şertleri döretmek we kompýuter sowatlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdeplerine 2019 — 2020-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara öwrediji kompýuterleri sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:


21.06.2019 | Gallaçylaryň yhlasly zähmeti bilen orak möwsüminiň depgini artýar

Şu gün Watan harmanyna bugdaýyň 89 müň 133 tonnadan gowragyny tabşyran Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary däne tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


20.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow giň möçberli şähergurluşyk taslamasy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter