Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

09.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Durdylyýew D.B. hakynda

Durdylyýew Durdyly Baýlyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.


09.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.Geldinyýazow hakynda

Mämmetmyrat Geldinyýazowy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesine bellemeli.


09.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Agamyradow P.N. hakynda

Agamyradow Pürli Nurmämmedowiçi, işde goyberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary wezipesinden boşatmaly.


09.10.2020 | Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy

Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär. Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys.


08.10.2020 | Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

Şu gün Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji gatnaşdylar.


08.10.2020 | Bitaraplyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr

Türkmenistan özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 25 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Ol sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýär.


08.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


08.10.2020 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dowwaýewa Akjagül Baýmyradowna işde goýberen kemçilikleri üçin, Aşgabat şäheriniň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.


07.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.G.Öwezow hakynda

Podpolkownik <b>Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowy</b> Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.


07.10.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:



 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter