Iň täze habarlar

IŇ TÄZE HABARLAR

31.08.2018 | Türk­men to­pa­ry “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne taý­ýar

Olim­pi­ýa şä­her­çesi­niň “Sport” myh­man­ha­na­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ýa­kyn wagt­da ge­çi­ril­jek “Amul — Ha­zar 2018” hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­ne ba­gyş­la­nan da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň çäk­le­rin­de türk­men ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň bu ýa­ry­şa gat­naş­ýan ag­za­la­ry­na sü­rü­ji­lik şa­ha­dat­na­ma­la­ry we mil­li Li­de­ri­mi­ziň adyn­dan de­giş­li ly­bas­lar gow­şu­ryl­dy.


31.08.2018 | Azia­da — 2018-de dzýu­do we sam­bo bo­ýun­ça türk­men tür­gen­le­ri­niň çy­kyş­la­ry

XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ry­nyň on üçün­ji gü­nün­de bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň gat­naş­ma­gyn­da dzýu­do bo­ýun­ça jem­leý­ji ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di.


30.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Si­fal” we “Win­çi” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz fran­suz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­ny — “Si­fal” to­pa­ry­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Žil Re­mi­ni hem-de “Win­çi Konst­ruks­ýon Gran Pro­že” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş di­rek­to­ry Alen Bon­no­ny ka­bul et­di.


30.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti “ILF Consulting Engineers” kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň wekilini kabul etdi

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “ILF Con­sul­ting En­gi­neers” kom­pa­ni­ýa­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy hem-de şu kom­pa­ni­ýa­nyň gö­zeg­çi­lik ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Adolf Faýsl­ma­ýe­ri ka­bul et­di.


30.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy­ny ka­bul et­di

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň “Hyun­dai En­gi­nee­ring Co.,Ltd” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy we baş ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Sung Sang-Ro­ky ka­bul et­di.


30.08.2018 | Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ta­mam­lan­dy

Şu gün XVIII to­mus­ky Azi­ýa oýun­la­ryn­da ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­le­riň jem­leý­ji gü­ni bol­dy. Olar 90 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­sin­de er­kek­le­riň ara­syn­da, 78 kg çen­li ze­nan­la­ryň ara­syn­da ge­çi­ril­di.


30.08.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni mi­ra­sy — adam­za­dyň baý­ly­gy

Şu gün Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let mu­ze­ýin­de hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy­ny dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne wa­gyz et­me­giň me­se­le­le­ri­ne ba­gyş­la­nan çä­re ge­çi­ril­di. Ara alyp mas­la­hat­laş­ma­la­ra ýur­du­my­zyň mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri, bel­li alym­lar, sun­ga­ty öw­re­ni­ji­ler, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň iş­gär­le­ri hem-de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar.


29.08.2018 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

29-njy awgustda ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekişine Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler.


29.08.2018 | Aziada: üç gün galdy – göreş dowam edýär

Indoneziýanyň paýtagtynda dowam edýän tomusky XVIII Aziýa oýunlarynda türkmenistanly türgenler şu gün dzýudo we kuraş göreşi boýunça ýaryşlara gatnaşdylar.


29.08.2018 | Adam mümkinçilikleri we tehnologiýa arkaly bilimler ykdysadyýetine

Şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri neşir edilýän “Maliýe we ykdysadyýet” atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky dördünji sany çapdan çykdy. Žurnalyň baş maksady dolandyryş ulgamyndaky wajyp maglumatlary ýaýratmaga ýardam bermekden, ýurdumyzyň kompaniýalarynyň işewürlik wezipelerini sowatly çözmekden, ykdysady bilimleri guramakdan ybaratdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlän wezipeleridir.



 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter